Aşgabatda Medeniýet merkezinde şehitleriñ 40-njy gününi ýatlama geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde şehitleriñ 40-njy gününi ýatlama çäresi geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde şehitleriñ 40-njy gününi ýatlama çäresi geçirildi.
27-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde merhum Aýatollah Ebrahim Raisini we ýanyndaky wekiliýetiň ýagny Şehitleriň 40-nji gününiň ýatlamasy geçirildi. Bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, diplomatlar olaryň maşgalalary, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar, pars dili öwrenijileri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Gurhan – Kerimden aýat okaldy. Sözüniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani bu çärä gatnaşýanlaryň hemmesine sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi: Bilşiňiz ýaly, 40 gün ozal Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Daşary işler ministri we beýleki birnäçe ýolbaşçylardan ybarat wekiliýet dikuçar heläkçiligi sebäpli şehit boldylar. Bu waka Eýran halkyny örän gynandyrdy we millionlarça eýranly köçelerde bu eziz şehitleriň jaýlanyşyna gatnaşdylar. Jaýlanyşa köp sanly adamlaryň gatnaşmagy, Eýran halkynyň bu hormatly şehitleriň hökümetde bolan üç ýyllygynda eden hyzmatlary üçin minnetdarlygynyň alamaty bolup durýar. Halkara derejesinde olaryň şehit bolmagy dünýäniň halklarynyň we hökümetleriniň arasynda giň seslenme döretdi.
Ol sözüni dowam edip halkara gynanç hatlaryna ünsi çekip, şeýle diýdi: Aýatolla Raisi we doktor Amir Abdollahiýan elmydama eýran halkynyň hukuklaryny goraýjylardy we bu ugurda örän köp işleri ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy we Türkmen halkynyň milli lideri jenap Gurbanguly Berdimuhammedow özüniň gynanç hatynda, Raisini şehit hökmünde häsiýetlendirip, şeýle diýdi: “Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri bitirdi.”
Ruzbahani merhum prezident we daşary işler ministriniň garaýyşlaryna ünsi çekip sözüni dowam etdi: Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi we bu şehitler bilen ýakyndan işleşen adam hökmünde merhum prezidentiň we daşary işler ministriniň medeni hyzmatdaşlygyň giňelmegine we güýçlenmegine, şol sanda Pars diliniň öwrenilmegine aýratyn üns berendiklerini belläp bilerin. Şol sebäpli, köpüňiziň ýadyňyzda bolsa, jenap Raisi we doktor Amir Abdollahiýan Türkmenistana eden saparlarynda medeniýet merkezine gelip gördüler. Bu iki şehitiň medeni hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermegi, bu merkeziň ornuny berkitmekde möhüm rol oýnady.
Ruzbahani goňşular bilen gatnaşyklary berkitmek Aýatolla Raisiniň hökümetiniň daşary syýasatynyň şygary we nusgasy bolandygyna salgylanyp, şeýle diýdi: Merhum prezident üçin Türkmenistan Eýranyň goňşularynyň arasynda aýratyn orny eýeleýärdi. Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyndan soň, ol türkmen doganlaryny Eýran halkynyň "garyndaşlary" hasaplaýardy we Türkmenistan döwleti we halky bilen gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýardy. Ýakyn wagtda merhum prezidentiň Türkmenistana möhüm sapary bolmalydy, ýöne gynansak-da onuň şehit bolmagy sebäpli bu sapary amala aşyryp bolmady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda, Türkmenistanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk üçin we ilkinji nobatda Türkmenistanyň hormatly prezidenti jenap Serdar Bardimuhamedowyň we Türkmen halkynyň milli lideri we halk maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň gynanç hatlary we şeýle-de Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşit Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynda gynanç bildirendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şehitleriň ýolunyň, esasanam Türkmenistan döwleti we halky bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek ugrunda dowam etjekdigine umyt bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri baradaky geňeşçisi Nawid Rasuli Şehit bolanlaryň iň aýdyň aýratynlyklaryndan biri halk üçin işlemek, halka hyzmat etmek we halkyň içindäki adam bolmak we şehitleriň Eýran halky tarapyndan hormatlanyp jaýlanylmagynyň aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy hasaplady.
Ol sözüni dowam edip Yslam jemgyýetinde araçylar üçin möhüm aýratynlyklara ünsi çekip, şeýle diýdi: Yslam jemgyýetinde araçylar üçin möhüm aýratynlyklaryň biri sada ýaşaýyşdyr. Eýranyň öňki prezidenti sada adamdy we Rahat durmuşdan gaça durýardy. Şehit Raisi halka hyzmat etmekligiň iň möhüm wezipelerden biridigine ynanýardy. Şol sebäpli Eýranyň merhum prezidenti hemişe halka hyzmat edýärdi we hemişe halkyň meselelerini çözmäge synanyşýandygy üçin olara şehitler diýip at goýuldy. Şehitleriň ýene bir aýratynlygy, jemgyýetiň meselelerini çözmek üçin dogruçyl we jogapkärçilik duýgusy bilen hereket etmekdi. Jenap Raisi dogruçyl we ak ýürekli syýasatçy we ýadawsyz dolandyryjydy. Onuň üçin kriteriýa halkyň razy bolmaklygy, adamlaryň meselelerini çözmek we adalaty durmuşa geçirmekdi we hemişe jemgyýete umyt bermäge synanyşýardy.
Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi sözüniň soňunda şehitlere Alladan rehim – şepagat sorap, seýle diýdi: Elbetde, bu waka we onuň we ýoldaşlarynyň wepat bolmagy ähli eýranlylaryň ýüregini ýaralady, emma ýurt we Eýran halky bu meselede tejribeli bolansoň, geçmişde şeýle wakalara duçar bolup, ýollaryny dowam etdirip bildiler islendik päsgelçilikden we bu ýoldan dogry geçer. Bilşiňiz ýaly, ertir 28-nji iýunda Eýranda prezident saýlawlary geçirilýär.
Ýatlama çäresinde wideoşekil görkezildi, Pars dili öwrenijileri tarapyndan hem goşgy we makalalar okaldy.
Bellap geçsek, Eýran Yslam Respublikasynyň merhum prezidenti we daşary işler ministri 2021-2022-nji ýyllarda Türkmenistana eden saparlarynda medeniýet merkezine gelip, pars dili öwrenijileri bilen duşuşup, söhbetdeş bolupdylar.