• May 7 2022 - 09:12
  • 212
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Aşgabatda pars dilini öwrenmek boýunça kurslaryň ýaz möwsümi başlandy

Aşgabatda pars dilini öwrenmek boýunça kurslaryň ýaz möwsümi başlandy

2022-nji ýylyň 24-nji martynda, penşenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde  pars dilini öwrenmek boýunça  okuw kurslarynyň ýaz möwsümi arassaçylyk we gigiýena  düzgünlerini  we şertlerini  doly  berjaý etmek bilen başlandy.

Türkmenistanda şirin labyzly pars dilini öwrenmek islegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr, sebäbi pars dili - şygryýetiň we edebiýatyň dili bolup,  Rudaki, Hafez, Sagdy, Ferdöwsi, Haýýam we beýleki  beýik şahyrlaryň dilidir. Munuň bilen bilelikde pars dili Eýranyň we Türkmenistanyň umumy medeni mirasynyň bir bölegi bolup durýar. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda köp pars sözleri we düşünjeleri  bar, olaryň manylaryna we aňlatmalaryna  düşünmek üçin pars dili bilen doly tanyş bolmalydyr.

Medeniýet merkeziniň mugallymlary tarapyndan öwredilýän okuw sapaklaryň  mazmuny  Sagdy adyndaky  gaznasynyň mugallymlary tarapyndan halkara ülňülere laýyklykda  taýýarlanan “Ilkinji ädim”, “Mina”  we “Eýrany öwreniş”  ýaly pars dilini öwredýän kitaplaryň esasynda düzülen.

Bu kurslaryň dürli derejelerinde dürli ýaşdaky 415 okuwçynyň pars dilini öwrenýändigini bellemek möhümdir

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: