Aşgabatda pars dilini öwrenýän okuwçylar üçin güýz möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän okuwçylar üçin güýz möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän okuwçylar üçin güýz möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi.
Pars dilini öwrenmek boýunça kurslaryň güýz möwsümi okuwçylaryň arasynda jemleýji synaglaryň 2021-nji ýylyň 20 sine, duşenbe güni, geçirilmegi bilen tamamlandy. Bu synaglar ýazmaça we dilden bolup, aşakdaky bäş dereje boýunça geçirildi: başlangyç, orta, ösen, ýokary derejeli we terjimeçi derejesi. Okuwçylar berlen soraglara jogap bermek bilen öz bilimlerini görkezdiler. Synaglaryň esasy maksady, synaglary üstünlikli tabşyran talyplary has ýokary derejä geçirmekdedir.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň esasy we düýpli işleriniň biri - pars dilini öwretmekdir, we bu işiň iki goňşy ýurduň arasyndaky hoşniýetli medeni gatnaşyklaryň çäginde amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.
Filmler.