• Oct 29 2022 - 12:48
  • 226
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Aşgabatda hoşniýetlilik Pygamberiniň mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde "Hezreti Muhammet (saw) hoşniýetlilik pygamberi "ady bilen Agzybirlik hepdeliginiň dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde "Hezreti Muhammet (saw) hoşniýetlilik pygamberi "ady bilen Agzybirlik hepdeliginiň dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň Türkmenistandaky medeniýet merkezi, 22-nji Mehr (14-nji oktýabr) anna güni Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde mejlisler zalynda hoşniýetlilik pygamberini Yslam pygamberiniň (saw) doglan güni we agzybirlik hepdesini bilelikde geçirdi.

 Köp sanly türkmen we eýranly ýaşaýjylaryň gatnaşan bu dabarasynda, Gurhan Kerimden aýat okalandan soň, Näwid Resuly ýurdumyzyň medeni meseleler boýunça geňeşçisi ähli musulmanlary gutlap, Yslam pygamberiniň (saw) dünýä inmegini, iki halkyň Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky umumy aýratynlyklaryň biri hökmünde ykrar etdi we Pygamberimiziň (saw) häsiýetlerinden gözbaş alan iki ýurduň halkynyň edep-terbiýesini we myhmansöýerligine ýüzlenip, şeýle diýdi:

“Ahlak häsiýet adamlary özüne çekmekde we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmekde iň möhüm ýagdaýdyr. Ahlak häsiýet bilen, adamlaryň ýüregine aralaşyp, ýüreklerini dolandyryp bilersiňiz we maksatlaryňyzy durmuşa geçirmekde hemmeleri öz daşyňyza jemläp bilersiňiz. Gurhany Kerimde, Pygamberimiziň (saw) ahlagy "beýik häsiýet" hökmünde agzalyp geçilýär we şeýle diýilýär: Şu beýik häsiýeti bilen, doň ýürek we zalym adamlary özüne çekip, hemmeleri Hudaýyň ýoluna tarap ugrukdyrdy.”

Çykyşynyň dowamynda, Gurhany kerimde Gudraty güýçli Allanyň öňünde beýik wezipä we şahsyýetine we Pygamberimiziň (saw) halkyň  hal-ýagdaýyna düşünişine ünsi çekip, ony Pygamberimiziň (saw) başga bir görnükli aýratynlygy hökmünde belläp, sözüni dowam etdi:

 

Ylahy ýolbaşçylar elmydama halkyň arasynda bolup, ähli ýagdaýlarda olar bilen ýaşadylar we özlerine hiç hili artykmaçlyk bermediler we halkyň hasratyny we şatlygyny deň derejede paýlaşdylar. Gurhan Pygamberimiziň (saw) bu häsiýetine gaty takyk we çuňňur düşündiriş berýär we şeýle diýýär: “Elbetde, size öziňizden bir pygamber geldi, oňa siziň derdiňizi we kynçylyklaryňyzy çekmek kyn we ol Size ýol görkezmekligi çyn ýürekden isleýär, imanlylara rehimli we mylaýymdyr.

Räsuli sözüniň ahyrynda: “Musulmanlar Pygamberimiziň (saw) häsiýetlerini we aýratynlyklaryny durmuşyňyzda ulanyň we Pygamberimiziň beýik şahsyýetine salgylanyp dünýä jemgyýeti üçin görelde bolmagyňyzy umyt edýärin” diýip belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary Mahmud Sadegi, musulmanlaryň hoşniýetli, kiçigöwünli we ahlak taýdan ajaýyp pygamberiniň bardygyna buýsanýandygyny belläp, Pygamberimiziň (saw) rehim-şepagatyny we hoşniýetliligini belläp, şeýle diýdi:. Hezreti Muhammet (saw) öz wezipesine başlanda jahanda imansyzlar we butparazlar köpdi we Pygamberimiziň (saw) häsiýetleri nukdaýnazaryndan uzakdadylar. Bu ýagdaýy tassyklaýyş hökmünde Yslamdan öň araplaryň gyzlaryny diri jaýlandygyny bellemek ýeterlikdir, ýöne Pygamberimiziň (saw) wezipesine başlanyndan soň aýallaryň derejesi ýokarlandy, şonuň üçin Hezreti Patmanyň derejesi “Köwser” diýlip atlandyryldy. Aslynda adamlara hormat goýmak Pygamberimizden dowam edip gelýänhäsiýetdir. Pygamberimiz (saw) sözleýişi, ýumşaklygy we hoşniýetliligi bilen ýürekleri ýumşatdy we öz habaryny dünýäniň çar künjegine ýetirdi.

Sözüniň dowamynda şeýle diýdi: Pygamberimiz (saw) hatda Mekgäni basyp alanlarynda garşydaşlaryna hoşniýetlilik we rehimdarlyk etdi we olar bilen duşmançylyk we gan dökmek islemedi. 

Pygamberimiziň (saw) parahatçylyk we dostluk habaryna salgylanyp, Sadegi aýtdy: Şu gün; Pygamberimiziň (saw) parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik habary dünýäde ýaňlanmalydyr.

Sözüniň dowamynda aýtdy: Eýranyň we Türkmenistanyň iki ýurdunyň medeniýetinde Pygamberimiziň (saw) ahlak, hoşniýetlilik we rehimdarlyk alamatlary görünýär, mysal üçin maşgala, aýal-gyzlara, çagalara we maşgala ýaşulularyna hormat goýulýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda musulmanlaryň agzybirligine ýüzlenip, şeýle diýdi: “Pygamberimiz (saw) musulmanlaryň arasynda agzybirlige ugrukdyryjydyr. Musulmanlaryň umumylyklary Gurhan Kerim we Pygamberimizdir (saw). Musulmanlaryň hemmesiniň söýgüli Yslam pygamberiniň kömegi bilen pikirlerinde we hereketlerinde Pygamberimiziň (saw) yzyndan gitmegini umyt etýärin.

Bu dabaraly çäräniň dowamynda Medeniýet merkeziniň aýdymçylar topary Yslam pygamberini (saw) wasp etýän aýdymlary ýerine ýetirdi. Çeper çykyşlary ýerine ýetirmek, Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň durmuşy barada saýlanan goşgulary we makalalary okamak, baýrak gowşurmak we hödür kerem etmek bilen by dabaraly çäre geçirilip gutaryldy.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: