Medeniýet Merkezinde Eýrany tanamaklyk sapaklarynyň ýazky möwsümi başlady
Pars dili öwrenijileriň ýaz möwsüminiň okuwynyň başlamagy bilen “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary başlandy.
Pars dili öwrenijileriň ýaz möwsüminiň okuwynyň başlamagy bilen 2-nji aprelda “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary başlandy. “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary bilen gyzyklanýanlar, Eýran medeniýeti barada has köp bilmekden başga-da, pars diliniň derejesini ýokarlandyrmaga synanyşýan pars dili öwrenijileridir. Olary gyzyklandyrýan zat, tekstleriň terjimesi bilen bilelikde Medeniýet merkezi tarapyndan pars dili mugallymy hökmünde Ebrahim Parwiziň sapak öwretmegidir.
“Iranşenasi” eýrany tanamaklyk synpynda 16 sany höwesjeň pars dili öwreniji, Medeniýet merkezinde goňşy we dost – dogan bolan Eýranyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşýar.
Okuwyň dowamynda, geçilýän sapaklara goşmaça, Eýranyň welaýatlaryny we syýahatçylyk ýerlerini tanatmak, filmleri görkezmek, döredijiligi - medeniýeti bilen tanyşmak we başgalar pars dili öwrenijiler üçin düzülen maksatnamanyň bir bölegidir.
Filmler.