Demirgazyk Horasan welaýatynyň matematika olimpiadasyna gatnaşýan okuwçylary Medeniýet merkezine aýlanyp gördüler
Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Demirgazyk Horasan welaýatynyň okuwçylary, 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Medeniýet merkezine gelip, pars dili sapaklaryna aýlanyp gördüler.
Demirgazyk Horasanyň Türkmenistana ýakynlygy sebäpli Demirgazyk Horasanyň orta mekdeplerinden 16 gyz we 15 oglan okuwçydan ybarat topar ikinji halkara matematika olimpiadasynda Eýran Yslam Respublikasyna wekilçilik etmek üçin Türkmenistana geldiler. Şeýle hem, bu okuwçylara welaýat bilim bölüminiň medeni bölüminden 8 adam sapardaş bolýar. Bu topar 27-nji aprele çenli beýleki 23 ýurduň wekilleri bilen bäsleşerler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Parwiz, Demirgazyk Horasan welaýatyndan matematika olimpiadasyna gatnaşmaga gelen bilim işgärlerinden we okuwçylaryndan ybarat bolan wekiliýeti garşylady we Medeniýet merkezinde medeni çäreleriň geçirilişi we pars diliniň öwredilişi barada gürrüň berdi.
Soňra okuwçylar pars dili sapaklaryna aýlanyp gördiler we pars dilini öwrenýänler bilen pars diliniň orny we ähmiýeti barada gürleşdiler, bu olar üçin gyzykly we ýatda galdyryjy boldy.
Belläp geçsek, şu ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda OMUS-2025 ady bilen 5-nji açyk matematika olimpiadasy Aşgabat şäherinde we bu ýurduň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde başlandy.
Bu Olimpiada, ýurduň 26 bilim merkezinde okaýan Türkmenistandan jemi 400-den gowrak okuwçy, şeýle hem Hindistan, Eýran, Indoneziýa, Emirlikler, Polşa, Russiýa, Rumyniýa we Özbegistan ýaly daşary ýurtlardan 137 okuwçy gatnaşdy.
5-nji Halkara Açyk Matematika Olimpiadasynyň Türkmenistanda aýratyn we topar görnüşinde geçiriljekdigini bellemelidiris. Aýry-aýry ýaryşlar iki kategoriýa bölünýär: A we B; A kategoriýa matematika we informatika ylymlaryny öwrenýän okuwçylar üçin, B kategoriýa beýleki ugurlardaky okuwçylar üçin.
Şygyr okamak we aýdym aýtmak bilen Matematika olimpiadasyna gatnaşýan okuwçylary Medeniýet merkezine aýlanyp gaýtdylar
Filmler.