Daşary işler ministriniň orunbasary Medeniýet merkeziň bölümine geldi
Ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli Ýyldyz myhmanhanasynda gurnalan halkara sergide Medeniýet merkeziniň bölümine gelip gördi.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli Ýyldyz myhmanhanasynda gurnalan halkara sergide Medeniýet merkeziniň bölümine gelip gördi.
11-nji dekabrda 12 sany ilçihananyň we halkara guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli Ýyldyz myhmanhanasynda gurnalan halkara sergide ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi we ýurudmyzyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň bölümine gelip gördüler.
Türkmenistan, Belarus, Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Päkistan ýaly beýleki ýurtlar we Birleşen Milletler Guramasy we Ýewropa Bileleşigi bilen baglanyşykly guramalar, bu sergä gatnaşan diplomatlar, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň bölümine gelip gördüler we medeniýet we sungat eseleri bilen tanyş bolup, ýurudmyzyň döreden el – iş eserlerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem; olara eýran süýjülikleri we nogul – nabatlary hödür – kerem edildi.
Türkmenistanyň metbugat we dürli habar beriş serişdeleri tarapyndan habara goýberilen bu sergide Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli bilen söhbetdeşlik geçirildi we ol Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda ýaýlyma berildi.
Belläp geçsek, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we köp döwletleriň goldamagy bilen Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik bitarap ýurt hökmünde yglan edildi. Soňra "Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 ýurduň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ikinji gezek kabul edildi.
Filmler.