• Feb 11 2025 - 12:53
  • 51
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Aşgabatda Eýran Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň 46 ýyllygy we milli güni mynasybetli çäre geçirildi

10-njy fewralda ýagny 22-nji bähmän aýynda Eýran Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň 46 ýyllygy we milli güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

10-njy fewralda ýagny 22-nji bähmän aýynda Eýran Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň 46 ýyllygy we milli güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

10-njy fewralda ýagny 22-nji bähmän aýynda Eýran Yslam Ynkylabynyň ýeňişiniň 46 ýyllygy we milli güni mynasybetli dabaraly çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, daşary ýurtlaryň ilçileriniň we syýasy wekilhanalaryň, sebit we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem eýranly maşgalalaryň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu dabarada ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani çykyş edip, Yslam rewolýusiýasyndan soňky wakalara, ýagdaýlara we uly üstünliklere ünsi çekip, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ösýän gatnaşyklaryň soňky ýagdaýy barada hem belläp geçdi.

Türkmeniň Daşary işler ministri hem öz çykyşynda Eýranyň hökümetini we halkyny Milli güni we Eýran Yslam Ynkylabynyň ýeňşiniň 46 ýyllygy bilen gutlady we häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda yzygiderli ösýändigini aýdyp geçdi.

Bu dabarada Eýranyň syýahatçylyk we siwilizasiýa merkezleriniň wideoşekilleri we ylmy üstünlikleri görkezildi. Şeýle hem, derman senagaty pudagyndaky birnäçe eýran kärhanalaryň bilimlerine esaslanýan önümler sergä goýuldy.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: