Milli däp-dessurlar / “Çawoşhani”
Zyýaratçylaryň öňünde Pygambere (sallallahu aleýhi we sellem) we maşgalasyna öwgi aýdyp, güýçli ses bilen owazly dini goşgulary aýtmak.
“Çawoş” sözi türk dilinden gelip çykyp, goşun serkerdesini ýa-da kerweniň ýolbaşçysyny aňladýar. Goşgynyň bu görnüşine Çawoşi, okyja bolsa Çawoş ýa-da Çawoşhan diýilýär. “Çawoş” sözi Atabegler we Ilhanlar döwründe we ondan soňky döwürlerde ulanylypdyr. “Çawoş” sözi goşun we goşun işlerini guramak üçin serkerdeler toparyny aňladýardy. Sefewiler döwründe bu söz baştutan manysynda ulanylypdyr Hijri-kamary senenamasy boýunça IX asyrdan galan pars dilinde ýazylan edebi eserlere görä “Çawoş” sözi kerweniň baştutany manysynda ulanyldy. Sefewiler döwründen bäri bu söz zyýarat bilen baglanyşykly däp-dessuryň manysyna eýe bolupdyr we bu däp gajarlar döwründe iň ýokary derejesine ýetipdir. Kem-kemden bu däp şeýle möhüm bolýar welin, ol eýran medeniýetiniň dini däpleriniň birine öwrülýär. Hatda sefewiler we gajarlar döwründe Eýrana gelen jahankeşdeler we gündogarşynaslar syýahat belliklerinde we syýahatnamalarynda bu däp-dessur barada agzap geçýärler.
Çawoş zyýarat ýolunyň başyndan ahyryna çenli zyýaratçylaryň öňünden gidip barýar. Onuň elinde üçburç ýaşyl baýdak bar, adatça baýdakda zyýarat edilýän ýerleriň suraty çekilen we degişli şygarlar ýazylan. Çawoş köpçülik ýerlerinde baýdagy dikýär ýa-da egninde göterýär. Ol goşgy okap adamlary zyýarata çagyrýar. Eger-de “çawoş” seýitlerden[1] bolsa, boýnuna ýaşyl mata oraýar, eger ol seýit bolmasa, boýnuna gara mata oraýar. Güýçli sesden başga-da, çawoşyň gowy ýatkeşligi bolmaly, ol zyýarat ýerleri we zyýarat dessurlaryny gowy bilmeli. Mundan başga-da gowy ýolbelet bolmaly. Zyýaratyň ahyrynda, zyýaratçylaryň maşgalalaryna olaryň dolanyp gelendiklerini habar bermek üçin beýlekilerden öň gelýär. Adatça olaryň maşgalalary zyýaratçylaryň dolanyp gelmekleri baradaky habary eşdenlerinde, çawoşa sowgat berýärler. Öňki döwürlerde “Çawoşhani” däbi we çawoş hünäri gaty meşhur bolupdyr. Häzirki wagtda bu däp öňküsi ýaly giň ýaýran däl, emma Eýranyň käbir ýerlerinde henizem duş gelýär.
Ady | Milli däp-dessurlar / “Çawoşhani” |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | Milli |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: