Bägüliň   ýapraklaryndan bägül  suwuny  ýasamak däp-dessury

Bägüliň ýapraklaryndan bägül suwuny ýasamak däp-dessury

Bägüliň ýapraklaryndan bägül suwuny ýasamak däp-dessury

Bägüliň ýapraklaryndan bägül  suwuny (gülab)  taýýarlamak däp-dessury 1000 ýyllyk taryhy bolan, gadymdan gelýän we ajaýyp dabara bolup, her ýylyň maý aýynyň ortalaryndan başlap  Kaşan, Gamsar, Meýmand, Niasar, Wan, Sar, Sedeh, Wadgan, Laýzengan, Darab, Mehriz, Barzak, Azvar, Lälezar Bardsir, Şahmirzad, Damgan, Vamerzan, Dodange  we ...  ýaly şäherlerde we obalarda geçirilýär. Eýran -  bägüliň  ýapraklaryndan bägül  suwuny  öndürmegiň taryhy mekanydyr.

 Bägül   suwuny   ýasamak  üçin,  Muhammet gülleri  (Damask bägüli, maý bägüli) diýilip atlandyrylýan  bägüller ulanylýar, olaryň  ýygylmagy ýörite dini dabaralar  bilen baglanyşyklydyr.

Gamsar bägül  suwy, hil taýdan dünýäde iň gowy  gülab diýilip  hasaplanýar. Gülablar arassalygy taýdan  birnäçe kategoriýalara bölünýär: agyr gülab (iň ýokary sort), ýeňil  gülab (birinji sort), al gyrmyzy bägüllerden  ýasalan gülaby, hoşboý ysly gülab.

Gülab azyk, derman we kosmetika senagatlarynda ulanmakdan başga-da, dini däp-dessurlarda ulanylýan serişde hökmünde üns bermäge mynasypdyr,  metjitlerde  hoşboý ys bermek we Mekgede Hudaýyň öýüni ýuwmak üçin ulanylýar.

 

Ady Bägüliň ýapraklaryndan bägül suwuny ýasamak däp-dessury
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: