Däp - dessurlar / Sizdeh Bedär

Däp - dessurlar / Sizdeh Bedär

Däp - dessurlar / Sizdeh Bedär

 

Nowruz baýramçylygynyň soňky güni Färwärdin aýynyň 13-nde (2-nji aprel) bellenýär. Köpden bäri dowam edip gelýän medeni däp-dessurlara görä bu gün adamlar öýlerinden  tebigata, düzlüklere we baglara çykýarlar we çeşmäniň, akarlaryň, ýaplaryň boýunda, baglaryň - agaçlarynyň aşagynda wagtlaryny şatlykly geçirýärler . Bu baýramçylyk eýranlylar tarapyndan ençeme ýyldan bäri bellenilýär. Eýranyň mifologiki we taryhy kyssalarynda we gadymy edebi ýazgylarynda bu däbi “Tebigat bilen ýoldaşlyk” diýip atlandyrýarlar. Gadymy eýranlylar her aýyň 13-inde ýagyş ýagdyrmak we gök ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýeriň täzelenmegi üçin ýagyşyň hudaýyna doga etýän ekenler. Täze ýylyň başynda, ýylyň on iki aýyny ýada salýan on iki günläp baýramçylyk belläp, soň gadymy eýranlylar Nowruzyň on üçünji gününde  ýagny şatlykly günde tebigy ýerlere çöllere baglara dynç almaga gitýärler, şeýlelik bilen, Nowruz döwrü resmi taýdan tamamlaýarlar.

 Nowruz aýynyň 13-nde  adamlar tarapyndan islendik jemagy borçnamalardan daşda we şatlyk bilen dürli oýunlar oýnaýarlar, esasanam hiňňildik uçýarlar we ýaşyl ösümlikleri suwa akdyrýarlar,  ýaş gyzlar Täze ýylda öz ýanýoldaşlaryny tapmagyň alamaty hökmünde çölüň ösümliklerini birleşdirýärler. Nowruz baýramy ýaly Sizdeh Bedär hem Azerbaýjanda, Täjigistanda, Owganystanda, Kürdüstan sebitlerinde bellenilýär.

Eýran senenamasynda bu gün “Tebigat güni” diýlip atlandyrylýar we resmi dynç güni hasaplanýar.

 

Ady Däp - dessurlar / Sizdeh Bedär
Ýurt Eýran
GörnüşiMilli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: