Milli däp-dessurlar /  “Gijeki çadyr”  (gurjak teatry)

Milli däp-dessurlar / “Gijeki çadyr” (gurjak teatry)

Milli däp-dessurlar / “Gijeki çadyr” (gurjak teatry)

Gurjak  teatry  Eýranyň halk sungatynyň  bir görnüşidir. Bu gurjak  tomaşasynda adamlaryň we haýwanlaryň keşbindäki  gurjaklar sahnada hereket edýärler we gürleşýärler.

“Gijeki çadyr” -  adyndan görnüşi ýaly, pars medeniýetinde we edebiýatynda "gijeki oýun"  diýlip atlandyrylýan gijäniň içinde  çadyryň ýa-da perdäniň aňyrsyndan  oýnalýan oýun ýalydy. Perdäniň aňyrsyndan gurjaklary herekete getirýän  adama “gurjakçy”   diýilýärdi.

“Gijeki çadyr”  diýlip atlandyrylýan gurjak teatrynyň gelip çykyşy belli däl. Hindistan, Hytaý we Eýran ýaly gündogar ýurtlarda Gurjak teatryň  uzak taryhy bar, şonuň üçin şu  ýurtlar bu sungatyň dörän ýerleri diýip hasaplanýar. Eýranda  gurjak  tomaşasynyň  taryhy Yslamdan öňki döwürden we ähtimal Sasanylar döwründen gözbaş alýar. Gadymy Eýranda bu sungatyň ýaýramagy barada aýdylanda, käbirleri Haýýam, Nyzamy, Attar we Hakany Şyrwany  ýaly şahyrlaryň goşgularyna salgylanýarlar. Bu şahyrlar gurjak tomaşasyny "gijeki oýun" ýa-da “gurjak oýny” diýip atlandyrypdyrlar.

Käbir sungaty öwrenijileiň pikirine görä, sazandalaryň uly topary gurjaklaryň gollaryna, aýaklaryna we arkalaryna berkidilen sapaklaryň ýa-da demir taýagyň kömegi bilen olary herekede  getirýärdiler. Gurjaklary herekete getirmegiň başga bir usuly: gurjakçy perdäniň aňyrsynda oturyp, elini halta görnüşinde tikilen gurjaklaryň eşiklerine sokup we öz elleri bilen hereket edip, gurjaklary herekete getirýärdi.

“Gijeki çadyr” diýlip atlandyrylýan gurjak oýunlaryň sýujeti halk ertekilerinden we dilden-dile geçýän rowaýatlardan, şol döwrüň jemgyýetinde bolup geçen wakalardan alynýardy. Bu oýun sahnalarynda jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň keşpleri bardy. Bu keşpler gülkünç we gyjalatly dilde dürli gatlaklardan bolan adamlaryň özüni alyp barşyny we häsiýetlerini görkezýärdi.

Ady Milli däp-dessurlar / “Gijeki çadyr” (gurjak teatry)
Ýurt Eýran
GörnüşiMilli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: