Däp - dessurlar / Hane Nowruzi
Hane Nowruzi ýa-da Nowruz saçagy, köne ýylyň tamamlanyp Nowruzda we ýaz möwsüminiň başynda täze ýylyň başlamazyndan ozal ýazylýan we bezelýän uly saçakdyr we üstünde Nowruzyň däbine degişli iýmitler we her dürli simwoliki zatlary ýerleşdirilýär. Hane Nowruziniň üstünde “Sin” ýagny S harpy bilen başlaýan iýmitler goýulýanlygy sebäpli halk arasynda oňa “7Sin saçagy” diýilýär.
Taryhy rowaýatlara görä, Sasanidler döwründe, Nowruzyň öňüsyrasynda kümüş hasasy bolan bir adam ýedi däne bugdaý, arpa, noýba, gyzyl noýba (fasol), künji we tüwi goýlan, şeýle hem bir bölek şeker, dinarlar we dirhemler goýlan Patyşanyň Täze ýyl saçagyna gelýärdi, diýip aýdylýar.
Häzirki wagtda hem eýranlylar Täze ýyl Nowruz saçagyny ýedi görnüşli iýmit bilen bezeýärler, olaryň iň köp ýaýranlary gyzyl alma, igde, semeni, sarymsak, uksus, sumak, sarymsak ýa-da ýüzärlikdir.
Nowruz saçagynda ýedi-den gowrak tagam; aýna, çigildem, şem, Gurhan (musulmanlaryň okaýşynda), Awesta (Zaratuştraçylyk okaýşynda), suwdan doly käse, käbir otlar, gyzyl balykly akwarium; dürli reňklere boýalan gaýnadylan ýumurtga; gyzyl nar; çörek; bugdaý ýa-da arpa tohumy, mekgejöwen ýa-da şüweleň tohumy, kümüş teňňe we gök önümleri goýýarlar.
Hane Nowruziniň bezegleriniň hersinde simwoliki many - mazmun we düşünje bar, mysal üçin aýna arassalygyň, birmeňzeşligiň we baky barlygyň beýanydyr, şowlulygy we ykbaly görkezýär; Şem, ýagtylygyň, garaňkylygy we garalygy aýyrmagyň alamatydyr; Ýumurtga ýaradylyşyň we köpelmegiň nyşanydyr; Balyk we Şemşat oty suw we ýaşaýyş perişdesi Nahidi aňladýar; Ýaşyl otlar ösüşiň we ýaşaýşyň alamatydyr; Nar hasyllylygy we bollygy aňladýar; Çörek, bereketiň we bollygyň nyşanydyr, Ýüzärlik we sarymsak hyýallary we zyýanly ruhlary kowýar. Hane Nowruzide ösýän gök önümlerine Färwärdin aýynyň on üçünde (2-nji aprel) suwa akdyrýarlar.
Aslynda, Nowruz, eýranlylaryň täze ýylyň başynda hudaýlarynyň we merhumlarynyň ruhlaryny çagyrmak we kabul etmek maksady bilen ýaýran dini baýramydyr. Nowruz saçagy maşgala agzalaryny we merhumlaryň ruhuny bir ýere jemlemekde we maşgala agzalarynyň arasyndaky aralyk, ikiýüzlülik we garaňkylygy aýyrmakda möhüm rol oýnaýar. eýranlylar täze ýyldan( Nowruzdan) öň nirede bolsa-da, öýlerine baryp, maşgala agzalary bilen Nowruz (täze ýyl) saçagynyň başynda bolmaklyga synanyşýarlar.
Ady | Däp - dessurlar / Hane Nowruzi |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | Milli |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: