Jepbar Bagçeban, eýranly ker çagalaryň mähriban mugallymy
Jepbar Bagçeban bir mugallymdyr. Ol Eýranda ilkinji kerleriň mekdebi we çagalar bagynyň düýbüni tutujydyr. Bagçeban Ermenistanyň paýtagty Ýerawanda dünýä inýär. Onuň maşgalasy Täbrizdendir. Jepbaryň başarnygyny onuň ejesi we kakasy ýetişdirýär. Onuň kakasy gadymy Eýran edebi dessanlaryna we Şahnama höwesli bolandygy sebäpli ogluny hem şol ugra ugrukdyrýar. Jepbaryň ejesi hem şahyr bolupdyr. Jepbar Eýran edebiýatynda we medeniýetinde öz adyny goýmazdan ozal, birnäçe wagt kakasynyň kärinde, ýagny, süýji önümlerini öndürmek boýunça işläpdir. Ol 15 ýaşynda maddy ýagdaýlary sebäpli okuwyny we mekdebini taşlaýar.
Ol süýji önümlerini öndürýärdi we gurluşykda – da işleýärdi. Elbetde, "Molla Nasreddin" we "Leglek" ýaly gülkili neşirler bilen hem işleşýärdi we özi hem bir zatlar ýazýardy. Ýerawanda zyndana düşýär. Bu bendiligiň sebäbini ermenileriň we musulmanlaryň dini kynçylyklary diýip hasaplapdyrlar. Jepbar Bagçebanyň medeni işleri zyndanda başlaýar. Ol Mollanähib we Mollabaşy hepdenamalaryny zyndanda ýazýardy we satuw üçin daşyna ugratýardy.
Bagçebanyň zyndanda üýtgäp başlamagy
Zyndandan çykandan soň Bagçebanyň durmuşynda, häsiýetinde we sözlerinde bolan üýtgeşmeler ýüze çykyp başlady. Ýakynlarynyň aýtmagyna görä, zyndan onuň pikirlerinde we ynançlarynda düýpli özgerişleri döredipdi. Bagçebanyň söýgisi adamkärçilik, pikiri bolsa parahatçylykdy. Ol bu iki gymmatlygy jemgyýetde ýaýratmak üçin medeniýet we jemgyýetçilik ugrundan işjeň gatnaşyp başlady. Jemgyýeti özgertmegiň ýoluny bolsa düýpden — zenanlaryň we çagalaryň terbiýesinden başlanmalydygyny pikir edýärdi. Onuň “Gyzylly ýaprak” we “Baýramçylyk” atly goşguly hekaýalary çagalar üçin döreden ilkinji eserleri bolupdyr.
Bagçeban ilki bilen özüne “Ajyz” (ejiz) diýen lakamy saýlap alýar. Onuň familiýasy Askerzade bolupdyr. Ol Eýranda mugallym bolup işleýärdi we Täbriziň şäherindäki Merend diýen ýerde sapak berýärdi. Okuwçylarynyň öwrenişi we ösüşleri hemmeleriň ünsüni onuň beýleki mugallymlardan tapawutlanýandygyna çekýärdi. Ol Merenddäki Ahmediýe mekdebinde sapak berýärdi. Onuň yhlasy, zehini we hünär derejesi oňa öňe gitmegiň ýoluny açdy.
Täbrizdäki çagalar bagy
Bagçeban Täbrizde «Bağçe-ýe Atfal» (Çagalar bagy) atly çagalar bagyny esaslandyrdy. Şol sebäpli hem öz familýasyny Askerzadeden Bagçeban diýip üýtgetdi. Okuw okatmaga bolan söýgüsi onda täze zatlaryň peýda bolmagyna sebäp boldy. Uly ýaşly adamlara okatmak üçin «Ýönekeý elipbiý» kitabyny ýazdy. Çagalar üçin bolsa ähli güýjüni sarp etdi: täze oýunlar we el işleri döretdi, goşgular we sahna oýunlaryny ýazdy. Olary saz bilen hem tanyş edýärdi. Ker çagalara aýratyn üns beripdir.
Ker adamlar üçin sapak bermek pikiri bolsa Bağçe-ýe Atfal mekdebinde bir ker çaganyň okap başlamagy bilen ýüze çykdy. Ol hiç hili tejribesiz bu işe başlady. Ker adamlara okatmak üçin «El elipbiýini» döredipdi. Bu elipbiý sesleriň aýratynlyklaryna we harplaryň şekillerine esaslanýardy. Täbrizde onuň eden beýleki möhüm işleri hökmünde «Mugallymlary goldamak jemgyýetini» we «Teatr jemgyýetini» döretmegini hem agzap bolar. Tährizde ol tankydy mazmunly sahna oýunlaryny — şol sanda «Mugallymlaryň durmuşy» we «Erkek Hala Gyz» ýaly pýesalary ýazyp sahnalaşdyrdy.
Bagçeban pars welaýatynyň medeniýet ýolbaşçysynyň çakylygy bilen Täbrizden Şiraza gitdi we ol ýerde «Şiraz Çagalar bagyny» esaslandyrdy.
Jepbar Bagçeban we şikesli çagalaryň mugallymlaryny taýýarlamak
“Çagalaryň ýaşaýşy” atly goşgular ýygyndysy, “Möjek we çopan”, “Garry we şalgam” hem-de “Hanym Häzuk” ýaly pýesalar onuň Şirazda ýaşan döwründe döreden eserleridir. Onuň tankydy sahna oýunlary Şirazda meşhurlyk gazandy. XIV asyrda başlangyç bilimiň ösüşi, şikesli çagalaryň okadylyşy hem-de çagalar medeniýetine we edebiýatyna üns berilişi — bularyň hemmesi Jepbar Bagçebanyň zehinine, söýgüsine, başarnygyna we jogapkärçiligine baglydy.
Ol Hijri - Şemsi senesi bilen 1311-nji ýylda Tährana göçüp gelip, Ker we lal çagalar üçin ýörite mekdep esaslandyrdy.
“Ýalňyş telefon” diýip atlandyrylan ýa-da süňk arkaly ses ýetirýän eşitdiriji enjam — onuň oýlap tapan zatlarynyň biridir. Bu enjam sesleri diş üsti bilen eşidiş nerwlerine ýetirýär. Bagçebanyň «Elipbini öwretmegiň düzgünleri» diýen kitaby 1314-nji ýyldan bäri Eýranyň başlangyç mekdeplerinde ulanylýar.
Ol «Dil» atly aýlyk žurnalyny döredip, özüniň çagalary okatmagynyň täze usulyny 1-nji synp mugallymlary bilen paýlaşdy we şikesli çagalaryň mugallymlaryny resmi ýagdaýda taýýarlamaga başlady.
Jepbar Bagçeban Hijri - Şemsi senesi bilen 1345-nji ýylyň 4-nji azärinde aradan çykdy.
| Ady | Jepbar Bagçeban, eýranly ker çagalaryň mähriban mugallymy |
| Ýurt | Eýran |
| Lakamy | Ejiz |
| Önümçilik wagty | XIV asyr |
| Eserler | Çagalaryň durmuşy, Möjek we Çopan, Garry we şalgam, hanym Häzuk (tarakan), Hor Hor pýesasy |








Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: