Binagärlik

Şekillendiriş sungaty / binagärlik

Arhitektura Eýranyň iň gadymy sungatlaryndan biridir. Binagärlik eserlerinden galan ýadygärlikler, Eýranyň şäher gurmak, bent gurmak we injenerçilik ugurlarynda bu sungatyň ilkinji merkezlerinden biridigini görkezýär.

Arhitektura Eýranyň iň gadymy sungatlaryndan biridir. Binagärlik eserlerinden galan ýadygärlikler, Eýranyň şäher gurmak, bent gurmak we injenerçilik ugurlarynda bu sungatyň ilkinji merkezlerinden biridigini görkezýär.

Yslam dünýäsinde sungat we binagärligiň dört esasy usuly: Müsür, Şami, Magreb we Eýran usuly bar. Eýran usuly iň möhüm we iň giň ýaýranydyr. Yslamdan soň Eýranda binagärlik sungatynda dört usulyň: Horasani, Razi, Azäri we Isfahani usulynyň döremegine sebäp bolan üýtgeşmeler bolup geçdi.

Eýranyň yslam binagärliginiň eserleri, ilkinji nobatda doga - dileg häsiýetine eýedir. Däp - dessurlar, dini dabaralar, döredijilik, ýaş nesilleriň pikirleri we düşünjeleri Eýranyň binagärliginde aýdyň şöhlelendirýär.

Häzirki wagtda Eýranda binagärlik iki görnüşde adaty we döwrebap görnüşde hödürlenýär we köp sanly Eýranly suratkeşler bu ugurda işleýärler we olaryň käbirleriniň sungaty bütin dünýä bellidir.

Adaty eýran arhitekturasynda binanyň bezegi binagärligiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar; Kerpiçden önümleri ýasamak, kafel önümçüligi, gips önümleri, aýna önümleri we içerki bezeg işler Eýranyň binagärlik giňişligine ruhy gözellik berýär we bu daşky gözelligi hem emele getirýär.