Abbasi myhmanhanasy -  Yspyhan şäherindäki  kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana

Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana

Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana

Dünýäniň iň köne myhmanhanasy we Eýranyň iň uly myhmanhanalarynyň biri bolan kaşaň bäş ýyldyzly Abbasi myhmanhanasy üç ýüz ýyl mundan ozal bina edildi. Bu myhmanhana  muzeý şäheri diýlip atlandyrylýan Yspyhan şäheriniň Çaharbag Abbasi köçesinde ýerleşýär. Bu myhmanhana Sefewi döwletiniň şasy  Soltan Huseýin Sefewiniň  buýrugy bilen hijri-kamary  ýyl hasaby boýunça           1106-njy ýylda  ajaýyp  eýran arhitekturasynyň  stilinde  guruldy we 1351-nji ýylda onuň binasy häzirki zaman stilinde halkara ülňülerine laýyklykda dikeldildi we döwrebap amatlyklar bilen enjamlaşdyryldy.

Dünýäniň iň owadan myhmanhanalarynyň biri diýlip atlandyrylan Abbasi myhmanhanasy  Yspyhan  şäherindäki  ýeke-täk bäş ýyldyzly myhmanhana bolup durýar. Myhmanhanada 225 otag, 14 kabul ediş zaly,  dürli restoranlar  we  adaty kafelar bar,  onda  1500-e golaý myhman ýerleşip biler.

Myhmanhanadan  ajaýyp bagyň  we  “Çaharbag”  mekdebiniň binasynyň gök gümmeziniň  täsin görnüşi açylýar  we myhmanlar bu gözellikden lezzet alýarlar. Myhmanhana şäheriň taryhy ýerinde ýerleşýär,  şonuň üçin bu ýerden  “Sekiz behişt”  köşgi, “33 köpri”, “Nagş-e Jahan”  meýdançasy we  “Gymyldaýan minara”  ýaly köp sanly taryhy we syýahatçylyk ýerlerine  barmak  örän  aňsat. Myhmanhananyň  amatly ýerleşişi onuň esasy artykmaçlygydyr.

Myhmanhanada dürli otaglar bar, bir we iki adamlyk otaglardan başlap her dürli lýuks otaglara çenli. Mundan başga-da,  Gajarlaryň, Sefewileriň we ş.m. dürli döwürleriň stilinde  bezelen  lýuks  otaglary bar. Myhmanhananyň töwereginde ýerleşýän uniwersitet şäherçesini, owadan jaýlary, ajaýyp peýzažlary syn etmekden  Yspyhan  şäherinde  bolmagyňyz barada  ýatdan çykmajak  ýatlamalaryňyz galar.

 

 

 

http://www.abbasihotel.ir/

 

 

Yspyhan, Çaharbag Abbasi, Amadgah köçesi, Abbasi myhmanhanasy (Eýranyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna degişli myhmanhana)

Telefon: 031-32226010-19

 

Ady Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana
Ýurt Eýran
Görnüşi1

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: