Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana
Dünýäniň iň köne myhmanhanasy we Eýranyň iň uly myhmanhanalarynyň biri bolan kaşaň bäş ýyldyzly Abbasi myhmanhanasy üç ýüz ýyl mundan ozal bina edildi. Bu myhmanhana muzeý şäheri diýlip atlandyrylýan Yspyhan şäheriniň Çaharbag Abbasi köçesinde ýerleşýär. Bu myhmanhana Sefewi döwletiniň şasy Soltan Huseýin Sefewiniň buýrugy bilen hijri-kamary ýyl hasaby boýunça 1106-njy ýylda ajaýyp eýran arhitekturasynyň stilinde guruldy we 1351-nji ýylda onuň binasy häzirki zaman stilinde halkara ülňülerine laýyklykda dikeldildi we döwrebap amatlyklar bilen enjamlaşdyryldy.
Dünýäniň iň owadan myhmanhanalarynyň biri diýlip atlandyrylan Abbasi myhmanhanasy Yspyhan şäherindäki ýeke-täk bäş ýyldyzly myhmanhana bolup durýar. Myhmanhanada 225 otag, 14 kabul ediş zaly, dürli restoranlar we adaty kafelar bar, onda 1500-e golaý myhman ýerleşip biler.
Myhmanhanadan ajaýyp bagyň we “Çaharbag” mekdebiniň binasynyň gök gümmeziniň täsin görnüşi açylýar we myhmanlar bu gözellikden lezzet alýarlar. Myhmanhana şäheriň taryhy ýerinde ýerleşýär, şonuň üçin bu ýerden “Sekiz behişt” köşgi, “33 köpri”, “Nagş-e Jahan” meýdançasy we “Gymyldaýan minara” ýaly köp sanly taryhy we syýahatçylyk ýerlerine barmak örän aňsat. Myhmanhananyň amatly ýerleşişi onuň esasy artykmaçlygydyr.
Myhmanhanada dürli otaglar bar, bir we iki adamlyk otaglardan başlap her dürli lýuks otaglara çenli. Mundan başga-da, Gajarlaryň, Sefewileriň we ş.m. dürli döwürleriň stilinde bezelen lýuks otaglary bar. Myhmanhananyň töwereginde ýerleşýän uniwersitet şäherçesini, owadan jaýlary, ajaýyp peýzažlary syn etmekden Yspyhan şäherinde bolmagyňyz barada ýatdan çykmajak ýatlamalaryňyz galar.
Yspyhan, Çaharbag Abbasi, Amadgah köçesi, Abbasi myhmanhanasy (Eýranyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna degişli myhmanhana)
Telefon: 031-32226010-19
Ady | Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | 1 |
Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly

Ady | Abbasi myhmanhanasy - Yspyhan şäherindäki kaşaň bäş ýyldyzly |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | 1 |
Habarlaşmak üçin maglumatlar | 031-32226010-19 |
Web sahypasy | http://www.abbasihotel.ir/ |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: