• Jun 8 2024 - 09:59
  • 80
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň Amerikanyň

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň Amerikanyň wyždanly talyplaryna ýazan haty

Hezreti Aýatolla Hameneýi Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri palestina halkyny goldaýan Amerikaly talyplara şeýle diýdi: Siz taryhyň dogry tarapynda ýer aldyňyz.

Hezreti Aýatolla Hameneýi Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri palestina halkyny goldaýan Amerikaly talyplara şeýle diýdi: Siz taryhyň dogry tarapynda ýer aldyňyz. 

Palestinany goldaýan amerikaly ýaşlara ugradylan bu hatyň başynda: Siz indi garşylyk frontunyň bir bölegini düzdüňiz we basyp alýan we rehimsiz sionist režimini aç-açan goraýan hökümetiňiziň rehimsiz basyşy astynda siz - abraýly göreşe başladyňyz.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri bu hatda Beýik Garşylyk frontunyň döremeginiň sebäplerini, faktorlaryny we Sionistleriň basyp alyş re režimine garşy göreşiň sebäplerine ünsi çekip, şeýle diýdi:

Sionist režimi ilkinji günden başlap Palestinanyň goragsyz halkyna garşy "demir ýumruk" syýasatyny ulandy we wyždanly, adamkärçilikli we dini gymmatlyklary äsgermezlik edip, wagşylygy, terrorçylygy we repressiýalary günsaýyn artdyrdy. Amerika döwleti we hyzmatdaşlary bu döwlet terrorçylygyna we üznüksiz sütemlere-de garşy çykmadylar.

Aýatolla Hameneýi, "Garşylyk frontunyň" bu garaňky we umytsyz giňişligiň özeninden çykandygyny, Eýranda "Yslam respublikasy" hökümetiniň döremeginiň ony has-da giňeldip, güýçlendirendigini aýtdy: Sionist basybalyjylaryň jenaýatlaryndan öz topragyny goraýan millet terroristmi? Adamzadyň bu halka berýän kömegi we ýaraglaryny güýçlendirmek terrorçylyga kömek hasaplanýarmy?

Yslam rewolýusiýasynyň lideri Palestini goldaýan Amerikan ýaşlaryna ýüzlendi: Şu günki ýagdaýyň üýtgejekdigine sizi ynandyrmak isleýärin. Günbatar Aziýanyň duýgur sebitine başga bir ykbal garaşýar. Köp wyždanlar dünýä derejesinde oýandy we hakykat aýan boldy. Garşylyk fronty has güýçlenip, güýçlener we taryhy sahypalara öwrüler.

Aýatolla Hameneýi, beýleki ýurtlardaky palestinaly halky goldaýan demonstrasiýalara, şeýle hem uniwersitet mugallymlarynyň talyplara ýoldaşlyk etmegine we goldawyna, tersine, polisiýanyň alyp barýan işleriniň agyrlygyna ünsi çekdi: Ýaşlara duýgudaşlyk edýärin we siziň pikiriňize hormat goýýaryn.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Palestini goldaýan amerikan talyplaryna Gurhan bilen tanyşmagy maslahat bermek bilen ýazan hatyny şeýle tamamlady: Biziň üçin musulmanlar we dünýäniň ähli halky üçin Gurhanyň sapagy hakykat ýolunda durmakdyr we Gurhanyň adam gatnaşyklary baradaky sapagy: zulum we sütem etmezlik. Allanyň kömegi bilen bu tabşyryklary we şuňa meňzeş ýüzlerçe pikirleri öwrenmek we ýerine ýetirmek bilen garşylyk fronty öňe gider we ýeňiş gazanar;.

Aýatolla Hameneýiniň hatynyň teksti:

Hudaýyň ady bilen

Bu haty wyždany oýanan we wyždany Gazanyň ezilen çagalaryny we aýallaryny goramaga itergi beren ýaşlara ýazýaryn.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gadyrly ýaş talyplary! Bu, size duýgudaşlyk we raýdaşlyk habarymyzdyr. Siz taryhyň sahypalarynyň geçip barýan dogry tarapynda ýer aldyňyz.

Siz indi garşylyk frontunyň bir bölegini düzdüňiz we basyp alýan we rehimsiz sionist režimini aç-açan goraýan hökümetiňiziň rehimsiz basyşy astynda siz - abraýly göreşe başladyňyz.

Garşylygyň beýik fronty uzak ýerde, siziň şu günki ýaly duýgularyňyz bilen ençeme ýyl bäri göreşip gelýär. Bu göreşiň maksady, "Sionistler" atly terrorçy we rehimsiz bir toparyň Palestina halkyna birnäçe ýyl mundan ozal eden zulumyny duruzmak we ýurtlaryny basyp alandan soň iň agyr basyşlara we gynamalara sezewar etmezlik. Sionist režiminiň şu günki genosidi soňky onýyllyklaryň aşa rehimsiz hereketiniň dowamydyr.

Palestina, musulmanlardan, hristianlardan we ýewreýlerden ybarat we gadymy taryhy bolan garaşsyz ýurt. Jahan urşundan soň, sionist toruň kapitalistleri, Iňlis hökümetiniň kömegi bilen kem-kemden birnäçe müň terroristi bu ýurda getirdiler; Şäherlerine we obalaryna çozdular; On müňlerçe adam öldürildi ýa-da goňşy ýurtlara sürüldi; Jaýlary, bazarlary we fermalary ellerinden aldylar. Basyp alnan Palestina topragynda Ysraýyl atly hökümet gurdular.

Iňlisleriň ilkinji kömeginden soň bu basyp alyjy režimiň iň uly goldawçysy, bu režime syýasy, ykdysady we harby goldaw bermegini dowam etdirýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti. Bagyşlap bolmajak biperwaýlyk bilenem, ýadro ýaragyny öndürmegine ýol açdy we bu ýolda oňa kömek etdi.

Sionist režimi ilkinji günden başlap Palestinanyň goragsyz halkyna garşy "demir ýumruk" syýasatyny ulandy we wyždanly, adamkärçilikli we dini gymmatlyklary äsgermezlik edip, wagşylygy, terrorçylygy we repressiýalary günsaýyn artdyrdy.

Amerika döwleti we hyzmatdaşlary bu döwlet terrorçylygyna we üznüksiz sütemlere-de garşy çykmadylar. Häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň Gazadaky aýylganç jenaýat baradaky käbir sözleri hakykatdan has ikiýüzli.

“Garşylyk fronty" bu garaňky we umytsyz giňişligiň özeninden çykdy, Eýranda "Yslam respublikasy" hökümetiniň döremegi ony has-da giňeldip, güýçlendirdi.

Halkara sionizmiň ýolbaşçylary, Amerikadaky we Ýewropadaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi olara degişlidir we pullarynyň, paralarynyň kömegi bilen bu ynsanperwer we batyrgaý garşylygy terrorçylyk diýip tanatdylar! Sionist basybalyjylaryň jenaýatlaryndan öz topragyny goraýan millet terroristmi? Adamzadyň bu halka berýän kömegi we ýaraglaryny güýçlendirmek terrorçylyga kömek hasaplanýarmy?

Global agalyk ediji liderler hatda adam düşünjelerine rehim etmeýärler. Ysraýylyň zalym we terrorçylykly režiminiň özlerini goraýandyklaryny öňe sürýärler we erkinligini, howpsuzlygyny we öz ykbalyny kesgitlemek hukugyny goraýan palestinaly garşylygy "terrorist" diýip atlandyrýarlar!

Şu günki ýagdaýyň üýtgejekdigine sizi ynandyrmak isleýärin. Günbatar Aziýanyň duýgur sebitine başga bir ykbal garaşýar. Köp wyždanlar dünýä derejesinde oýandy we hakykat aýan boldy. Garşylyk fronty has güýçlenip, güýçlener we taryhy sahypalara öwrüler.

Sizden başga Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky onlarça uniwersitetiň talyplary, uniwersitetler we beýleki ýurtlardaky adamlar hem aýaga galdylar. Uniwersitet mugallymlaryna talyplar bilen ýoldaş bolmak we goldaw bermek möhüm we täsirli waka. Hökümetiň polisiýa çäreleriniň agyrlygy we size edýän basyşlary sebäpli bu birneme teselli berip biler. Ýaşlar men hem size duýgudaşlyk bildirýärin we siziň pikiriňize hormat goýýaryn.

Biziň üçin musulmanlar we dünýäniň ähli halky üçin Gurhanyň sapagy hakykat ýolunda durmakdyr we Gurhanyň adam gatnaşyklary baradaky sapagy: zulum we sütem etmezlik. Allanyň kömegi bilen bu tabşyryklary we şuňa meňzeş ýüzlerçe pikirleri öwrenmek we ýerine ýetirmek bilen garşylyk fronty öňe gider we ýeňiş gazanar.

Gurhan bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýärin.

Seýýed Ali Hameneýi

05/03/1403 – 25/05/2024

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: