• May 10 2025 - 10:14
  • 8
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanan çäre Şenbe güni 10/05/2025 Baýramaly şäheri Mary welaýaty Türkmenistan

2025-nji ýylyň 10-nji maýynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde (Mary şäherinden 40 km. uzaklykda) Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Mary welaýatyndaky başkonsullygynyň  Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.     Bu dabaraly çärä Sari şäheriniň Juma Ymamy, Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy ýolbaşçysynyň Mazenderan welaýatyndaky wekili Aýatollah Mohammadi we onuň ýanyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanan çäre

Şenbe güni 10/05/2025

Baýramaly şäheri – Mary welaýaty – Türkmenistan

    2025-nji ýylyň 10-nji maýynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde (Mary şäherinden 40 km. uzaklykda) Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Mary welaýatyndaky başkonsullygynyň  Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

    Bu dabaraly çärä Sari şäheriniň Juma Ymamy, Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy ýolbaşçysynyň Mazenderan welaýatyndaky wekili Aýatollah Mohammadi we onuň

ýanyndaky wekiliýet gatnaşdy.

 

      Şeýle hem Hoja Ýusup Hamedany aramgähiniň ymamy Baýrymuhammet Hojamyradow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň 2 sany ylmy işgäri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýatyndaky işgärleri we daş ýollardan gelen 2000 (iki müň) golaý adam Ymam Ryza (a) gadamgähinde geçirilen çärä gatnaşdylar.

    Çäräniň dowamynda Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan ýörite salawat, Tawaşi toparynyň çykyşlary ýaly wideoşekiller görkezildi.

    Şeýle hem çäräni alyp barýan diktor tarapyndan Ymam Ryza (a) bagyşlanyp pars we türkmen dillerinde düzülen goşgy labyz bilen okalyp, çärä gatnaşýanlarda täsir galdyrdy.

 

    Çäräniň ahyrynda däp bolşy ýaly Ymam Ryza (a) aramgähinden getirilen baýdak adamlaryň arasynda aýlandyryldy we şol pursat ýörite salawat baradaky wideoşekil görkezildi. Bu pursat ähli çärä gatnaşanlara ruhy baýlyk paýlapýatdan çykmajak pursatlary döretdi.

 

Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Mary welaýatyndaky başkonsuly jenap Kamju, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Sari şäheriniň Juma Ymamy, Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy ýolbaşçysynyň Mazenderan welaýatyndaky wekili Aýatollah Mohammadi Laini we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň 2 sany ylmy işgäri çykyş etdiler. 

    Her ýyl Ymam Ryza (a) bagyşlanan bu dabaraly çäre bu mukaddes ýerde ol Hezreti gowy görýänleriň gatnaşmagynda geçiriler diýip umyt edýäris.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: