• Apr 10 2026 - 18:23
  • 14
  • Okamak üçin wagt : 10 minute(s)

Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň   hem-de Minap şäheriniň çagalarynyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresini geçirilmegi

1405-nji ýylyň Färwärdin aýynyň 21-ine (2026-njy ýylyň 10-njy  aprelinde) EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Mejlisler zalynda Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň, hem-de Minap şäheriniň çagalarynnyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresi geçirildi. Bu çärä EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Färýal Legari, onuň orunbasary we harby attaşesi, Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Mehmet Ýasa, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Wadim Ýakowlew, Aşgabadyň ýaşululary, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çörekliýewa Berdiýewna we guramanyň ýolbaşçylary ýarawsyz çagaar bilen bilelikde, Azady syýahatçylyk kärhanasynyň wekili Silap Ataýew, Türkmenistany

Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň   hem-de Minap şäheriniň çagalarynyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresini geçirilmegi

1405-nji ýylyň Färwärdin aýynyň 21-ine (2026-njy ýylyň 10-njy  aprelinde) EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Mejlisler zalynda Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň, hem-de Minap şäheriniň çagalarynnyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresi geçirildi.

Bu çärä EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Färýal Legari, onuň orunbasary we harby attaşesi, Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Mehmet Ýasa, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Wadim Ýakowlew, Aşgabadyň ýaşululary, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çörekliýewa Berdiýewna we guramanyň ýolbaşçylary ýarawsyz çagaar bilen bilelikde, Azady syýahatçylyk kärhanasynyň wekili Silap Ataýew, Türkmenistanyň hünärmenleri (Art-bazar galereýasynyň agzalary), Türkmenistanyň egin-eşik dizaýnery Ýelena Mergenowna, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Medeniýet merkeziň mugallymlarydyr pars dili öwrenijileri özleriniň maşgalalary bilen, Türkmenistanda ýaşaýan we işleýän eýranlylar gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Saparmyrat Saparmyradow Gurhan okady we türkmen ýas bellemegiň däplerine görä türkmen ýaşululary doga okady.

Çäre Abdolreza Abbasiniň, Ali Mojteba Ruzbehaniniň çykyşlary bilen başlap, şehitlik barada dürli wideoşekilleriň görkezilmegi, pars dili öwrenijileriň goşgydyr makalalary bilen dowam edip, hödür-kerem bilen tamamlandy.

EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi öz çykyşynda ähli çärä gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: " Gudratly Allatagala Gurhany Kerimiň Ahzab süresiniň 23-nji aýatynda şeýle diýýär: “Möminleriň arasynda şeýle kişiler bar: olar Allaha berenwadalaryndadogry boldular. Olaryň käbiri wadalaryny ýerine ýetirdi (şehit boldy), käbiri bolsa garaşýar. Olar öz wadalarynyasla üýtgetmediler”.Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideri, yslam ymmatynyň öňbaşçysy we ýol görkezijisi - Hezreti Ymam Hameneýiniň aradan çykmagynyň we zalym duşmanlaryň elinden şehit edilmeginden soň kyrk gün geçdi. Eýran halky bu döwürde öz beýik lideriniň ýasyny tutup, gam-gussada boldy. Ol ýolbaşçy öz halkynyň ýanynda mähirli ata ýaly, wepaly hem-de batyr lider hökmünde durup, zalymlara we Yslamyň duşmanlaryna garşy gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezdi we öz arzuwy bolan şehitlik derejesine ýetdi. Şübhesiz, bu beýik ýolbaşçynyň ýitmegi diňe bir uly ýitgi däl, eýsem häzirki döwürde Kerbela wakasynyň taryhy gaýtalanmasy we “gan arkaly täzeleniş” başlangyjydyr. Pygamberimiziň (s.a.w.) iberilmegi dünýäni nadanlygyň garaňkylygyndan hidaýet nuruna alyp çykyşy ýaly, şehit bolan ymamymyzyň päk gany hem adamzadyň ýarym janly damarlaryna täze bir ruh berip, Yslam ymmaty üçin täze bir borç we wezipe kesgitledi". Sözüniň ahyrynda: "Eýran halkynyň şehit ýolbaşçysynyň ýadygärligini, onuň maşgalasyndan bolan şehitleri, Eýran Yslam Respublikasynyň gaýduwsyz serkerdelerini, Minab şäheriniň bigünä çagalaryny we bu uruşda ähli şehit bolanlary hormat bilen ýatlaýarys we Yslam ulgamynyň täze ýolbaşçysy, Seýed Mojteba Hameneýi bilen täzeden ygrarlylyk edip, Watan şehitleri ýaly, şehit ýolbaşçynyň ýoluny güýç bilen dowam etdireris. Gudratly Allatagala merhum Ymam Hameneýiniň nurana ruhuny Pygamberimiziň päk ata-babalary we Kerbela şehitleri bilen bilelikde jennetde jemlesin we täze ýolbaşçylygyň saýasynda Yslam ymmatyny we ähli azatlyk söýüjileri gorasyn" diýip sözüni jemledi.

Soňra EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani çykyş etdi. Ol öz çykyynda şeýle diýdi:" Basybalyjylar harby hüjümiň ilkinji sagatlarynda ABŞ-nyň terrorçy goşunyna degişli üç sany “Tomahawk” raketasy bilen Minab şäherindäki “Şejere-ýe Taýýibe” başlangyç mekdebini nyşana aldylar we 168 okuwçyny, olaryň mugallymlary bilen bilelikde, şehit etdiler. Bu bolsa amerikan–sionist “adam hukuklary” atly düşünjäniň biziň ejiz we goragsyz çagalarymyza beren “sowgadydy”. Bu pajyganyň garşysynda dünýäniň ölüm ýaly dymyşlygyny nähili düşündirip bolar? Kyrk gün geçdi. Eýran öz lideriniň we perzentleriniň ýasyny tutsa-da, henizem berk durýar we taryhyň islendik döwründen has-da pugta ýagdaýda dik durýar. Eýran Minabyň perzentleriniň ganyny talap eder.       Eýran Yslam Respublikasynyň beýik Yslam ynkylabynyň ýokary derejeli lideriniň mazlumana şehit edilmegine kyrk gün boldy. Ol diňe bir paýhasly syýasatçy däl, eýsem dana akyldar, ýiti nazarly gözegçi we ymmat üçin mähirli ata bolupdy. Şol bir wagtda, biz Minab şäheriniň 168 sany ýaşajyk okuwçylaryny hormat bilen ýatlaýarys. Olaryň päk gany şehitligiň mukaddes ýoluny dowam etdirmek üçin topraga siňdi we ýene-de bir gezek adamzadyň duşmanlarynyň hapa ýüzüni paş etdi. Şehit ymam, hormatly Aýatolla Seýid Ali Hameneýiniň şahsyýeti «kapyrlara garşy berk, öz aralarynda bolsa rehimli» diýen ýörelgäniň janly beýanydy. Ol beýik şahs, tekepbir güýçleriň garşysynda berk dag ýaly durnukly, mazlumlaryň öňünde bolsa mähir-şepagat çeşmesi bolupdy. Onuň takwalygy, ylahy bilimlere deňsiz-taýsyz eýeligi we çylşyrymly duşmançylykly dildüwşükleri amala aşmazdan öň puja çykarýan çuňňur parasatlylygy, ony şeýle bir lider etdi welin, onuň ady duşmanlaryň endamyna gorky salýardy. Ol bize ylalaşyk etmegiň bahasynyň, garşy durmagyň bahasyndan has-da agyrdygyny öwretdi.Şu gün Eýran halky, bu beýik matamyň gam-gussasyny başdan geçirýän wagtynda hem, beýik şeýtanyň — Amerikanyň — artykmaç talaplaryna we sebitdäki “rak keseline” öwrülen sionist režime garşy başyny belent tutup, berk durýar. Duşmanlarymyz liderleri fiziki taýdan ýok etmek ýa-da mekdeplerde bigünä çagalary nyşana almak arkaly bu halkyň erk-islegini gowşadyp boljakdygyny pikir etdiler. Emma olar taryhy bir hakykaty ýatdan çykardylar: Eýran gahrymançylyk we durnuklylyk ýurdudyr. Ol siwilizasiýanyň mekany we milletleriň enesidir. Biziň medeniýetimiz, boýun egmegi masgaraçylyk hasaplaýan edebi mirasa daýanýar. Biziň basybalyja garşy durşumyz gadymy rowaýatlara we miflere daýanýar; şolarda «Kawe demirçi» Zahhak Marduşyň garşysyna gaýduwsyz çykýar, «Araş Kemançy» bolsa bu topraklaryň serhetlerini goramak üçin öz janyny oka siňdirýär. Biz hakymyzy almagy öwrenipdik. Basybalyja garşy demir ýaly berk ýumruk we polat ýaly berk erk bilen jogap bermek zerurdyr. Biziň şu günki halkara sionizme garşy durşumyz, «Şanamada» nygtalýan ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky taryhy göreşiň dowamydyr; «Aşura» mekdebinde bolsa bu göreş rowaýatdan hakykata öwrüldi.       Şu kyn günlerde biziň göwnümize teselli beren   zat — wepaly goňşularymyzyň doganlyk baglanyşygy we jebisligidir. Men ýürekden, mertebeli we asylly Türkmenistan halkynyň bildiren gynanjy we päk duýgulary üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmegi özüme borç hasaplaýaryn. Biziň taryhy we medeni baglanyşyklarymyz şeýle bir berkdir welin, biziň gamymyz olaryň gamy, şatlygymyz bolsa olaryň şatlygydyr. Aýratyn-da, Türkmenistanyň hormatly hökümetine, hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa, Eýran halky bilen raýdaşlyk hökmünde iberilen ynsanperwerlik kömegi hem-de olaryň gynanç hatlary we goldaw sözleri üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Bu asylly ädim iki ýurduň ýolbaşçylarynyň paýhasy bilen kemala gelen doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň çuňlugyny görkezýär we hiç haçan unudylmaz.       Dost döwletleriň, şol sanda Pakistan we käbir beýleki ýurtlaryň haýyr-sahawatly başlangyçlaryny hem-de araçyllyk tagallalaryny, şeýle-de Russiýa ýaly dostlarymyzyň Eýran Yslam Respublikasyny goldamakdaky berk we aýgytly duruşyny biz hemişe uly hormat bilen ýatda saklarys.      Netijede, biz ýene-de bir gezek kyrk günlük mukaddes goranyşda şehit bolan gahrymanlaryň hem-de Minab şäheriniň şehit okuwçylarynyň päk gany bilen äht baglaşýarys: soňky demimize çenli öz dana liderimiziň ýagty ýoluny dowam etdireris. Biz haýbatdan gorkmaýarys, sebäbi biziň sabrymyz — ahyrky ýeňşiň başlangyjydyr, we hakykatyň daňy örän ýakyndyr" diýip beläp geçdi.

Çäräniň dowamynda Art-Bazar galereýasynyň başlygynyň orunbasary Jeren Gurbanowa türkmen halkynyň adyndan öz gynanjyny bildirip, mähriban eýran halkyna teselli berip çykyş etdi we eýran halky üçin saglyk we parahatçylyk arzuw etdi.

Soňra Ýeňme guramasy tarapyndan Gülpatyşa Ataýewa we Medine Şammyýewa, Medeniýet merkeziň pars dili öwrenijileri Hatyja Geldimämmedowa, Döwletýar Ýüzbaşyýew, Jemal Gurbanmuhammedowa we Hajymyrat Abdyrahmanow özleriniň makalalary bilen çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Wadim Ýakowlewyň gynanç bildirmeginden soňra Minap şäheriniň şehit çagalary barada wideoşekil görkezildi. Soňra çäre EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziň pars dili mygallymy Negin Rejepowanyň, pars dili öwreniji Osmahoja Agabaýewiň, Aýzada Hydyrowanyň, Medeniýet merkeziň öňki pars dili öwrenijileri Mejan Mürrikowyň we Selbi Abbasowanyň makalalary bilen dowam etdi.

Çäräniň bu ýerinde EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiň okuwçylary çykyş etdiler. Soňra EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgäri Bageri özüniň makalasy bilen çykyş etdi.

EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň terjimeçisi Dünýägözel Berdigylyjowanyň we pars dili öwreniji Jahan Kulbaýewanyň ýerine ýetiren goşgysyndan soň, wideoşekiller görkezilip, alypbaryjy Kuwwatberdi Baýramgeldiýewiň hoşlaşygy bilen tamamlandy. 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.