• Jul 1 2026 - 19:47
  • 19
  • Okamak üçin wagt : 12 minute(s)

Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de

Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresiniň EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde geçirilmegi 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Medeniýet diplomatiýasy we Bütindünýä bilen özaragatnaşyk güninde Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresi geçirildi.

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Medeniýet diplomatiýasy we Bütindünýä bilen özaragatnaşyk güninde Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Päkistan Yslam Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de bu birleşigiň agzalary, Täjigül Gurbanowa “Art Bazar” sungat galereýasynyň ýolbaşçysy, Bahar Hojamuhammedowa habaçy we Ýyldyz saýty we žurnalynyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň mugallymlary we talyplary Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, T-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,Rossiýanyň mir24 teleýaýlymynyň, THP wekilleri, Zaman Türkmenistan habar saýtynyň wekili Ýegemännet Taýlyýew, Mähri Meredowa Ata Watan Türkmenistan saýtynyň wekili(Türkiýe)  şeýle-de ýurdumyzyň Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden bäsleşige öz sungat eserlerini ugradan suratkeşler we höwesjeňler gatnaşdylar.

“Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda”atly surat çekmek bäsleşigini geçirmek baradaky pikir, 1404-nji ýylyň esfend aýynda (2026-njy ýylyň fewral aýynda) Yslam ynkylabynyň beýil ruhy Ýolbaşçysynyň şehit bolmagyndan soň, Şehit Ymam Hameneýiniň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen hem-de türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bolan duşuşygynda aýdan meşhur: «Eýran bilen Türkmenistanyň halklary diňe bir goňşy däl, eýsem garyndaş halklardyr» diýen manyly sözlerinden ugur alnyp işlenip düzüldi we geçirildi.

Bu bäsleşigiň bildirişi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de degişli edaralaryň razyçylygy esasynda, Şehit ruhy lideriň ady we ýokarda agzalan sözleri görkezilip, pars we türkmen dillerinde taýýarlanyldy hem-de Medeniýet merkeziniň resmi sosial ulgamlarynda we dürli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Bagtymyza, bu bäsleşik Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Aşgabat şäherinden we ýurduň dürli welaýatlaryndan suratkeşler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Netijede, Medeniýet merkezi tarapyndan professional we höwesjeň suratkeşlerden jemi 50-den gowrak eser kabul edildi.

Dabara 1402-nji ýylda Yslam ynkylabynyň Şehit Ýolbaşçysy Ymam Hameneýiniň türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň wideoşekiliniň görkezilmegi hem-de türkmen karysy jenap Yslam Işangulyýew tarapyndan Gurhan Kerimden aýatlaryň okalmagy bilen başlandy. Soňra dabaranyň alyp baryjysy tarapyndan aşakdaky maksatnama yglan edilip, degişli çykyşlar we dabaraly çäreler ýerine ýetirildi:

- EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň çykyşy

Salam EYR-nyň Türkmenistandaky hormatly ilçisi doktor Ruzbehani, Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Aşgabatdaky dürli Ilçihanalaryň wekilleri, hünärmenler, emin agzalar, hormatly myhmanlar, eziz talyplar we pars dili öwrenijiler. EYR-nyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi hökmünde sizi garşy alýanymyza örän begenýärin we bu çärä gatnaşanyňyz üçin sag bolsun aýtýaryn.

Görkezilen wideoşekilde hem görşüňiz ýaly, Eýran Yslam Ynkylabynyň Şehit Lideri Ymam Hameneýi Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda hem Eýran bilen Türkmenistany umumy medeniýeti bolan iki dogan millet diýip belläp geçýär. Ähli eýranlylaryň Amerikanyň we sionizmiň jenaýatçylykly hüjümleriniň esasynda şehit bolan beýik şahsyýetiň, döwlet ýolbaşçylarynyň, bigünä halkyň ýasyny tutýandygyna ýüz günden gowrak wagt geçdi we bilşimiz ýaly öňümizdäki hepde Eýranda Şehit Ymamymyzyň we onuň maşgala agzalary bilen hoşlaşyk we jaýlanyş çäresi geçirilýär. Goý, onuň ruhy şat bolsun, ýatan ýeri ýagty bolsun.

Medeniýet mrkezi hem Şehit Ymamyň Eýran bilen Türkmenistanyň dostluk we doganlygynyň gymmatlygy, şeýel hem iki ýurduň umumy medeniýeti, taryhy, sungaty we mirasy baradaky sözlerine esaslanyp, suratkeşlik bäsleigini geçirdi. Bu bäsleşige ýurduň ähli künjeginden hünärmenleriň we höwesjeňleriň ajaýyp, döredijilikli eserleri bilen gatnaşmagy bizi örän begendirdi.

Bu gün Tir aýynyň 10-y we Eýran senenamasynda bu gün "Medeni diplomatiýa we bütin dünýä bilen özara gatnaşyklar" güni diýlip bellige alnandyr. Eýran we Türkmenistan köpsanly medeni we taryhy umumylyklara eýedir. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky taryhy-medeni, dostluk-doganlyk gatnaşyklar örän gadymy we gymmatlydyr. Şeýle medeni çäreleriň we çeperçilik bäsleşikleriň guralmagy, Eýranyň we Türkmenistanyň iki beýik, asylly halkynyň ruhy, doganlyk we garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan erjeli höwesiniň aýdyň subutnamasydyr diýip ynanýaryn we eziz türkme hünärmenleriniň iki ýurduň gymmatly garyndaşlygyny we umumy taryhyny ussatlyk bilen öz eserlerinde ýerine ýetirendiklerine begenýärin.

Biz bugün bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak çärämiz bilen bilelikde, "Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar" atly eseri hem tanyşdyrarys. Bu kitabyň lezzetli Eýran tagamlaryna höwesjeňler üçin örän gowy gollanma bolar diýip umyt edýärin.

Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde we doganlyk gatnaşyklary berkitmekde çekýän zähmetleri üçin iki ýurduň ýolbaşçylaryna, esasan hem, Türkmenistanyň hormatly prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem EYR-nyň hormatly prezidenti doktor Pezeşkiýana öz minnetdarlygymy bildirýärin we olar üçin jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýärin.

Ýene bir gezek bu çärä gatnaşanyňyz üçin köp sag boluň! Sözümiň soňunda Eýran Yslam Ynkylabynyň Ruhy Lideri Hezreti Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä jan saglyk arzuw edip, Şehit Ymamymyzyň ruhynyň şat bolmagyny dileýärin.

- EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň çykyşy

Salam Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň hormatly başlygy hormatlt Çarymyrat Ýazmyradow gadyrly hünärmenler, eziz myhmanlar! Gadyrly myhmanlar, sizi iki doganlyk halkyň – Eýranyň we Türkmenistanyň arasyndaky çuňňur medeni hem-de taryhy baglanşygyň dabaralanýan ajaýyp çäresinde hoş gördük. Dost-doganlyk ýurdumyz Türkmenistanyň sungat işgärleriniň saýasynda dabaralanýan şu günki medeni-çeper çärämizde goňşuçylyk, agzybirlik we dostluk hakynda giňişleýin söhbet ederis diýip umyt edýärin.

Her bir halkyň medeniýeti onuň gündelik durmuşynda jemlenendir we "nahar" medeniýetiň adamlary bir-birine ýakynlaşdyrýan iň ajaýyp we iň meşhur bölegidir. Bu gün uly buýsanç bilen "Bereketli Eýran Saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar" eserini tanyşdyrarys.

Hanym Ajap Igliýewa we Dünýägözel Berdigylyjowa tarapyndan terjime edilip, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we Yslam aragatnaşyklar guramasy tarapyndan neşir edilen bu kitap, eýran tagamlaryna gyzyklanma bildirýän türkmen okyjylaryna ýetirildi. Bu eseriň türkmen dilinde neşir edilmegi, türkmen halkynyň Eýranyň saçak medeniýeti, däp-dessurlary bilen has ýakyndan tanyşmagy üçin möhüm ädimdir. Sebäbi biziň saçak umumylyklarymyz, ruhy birligimiziň aýdyň şöhlesidir. Bu ýerde bu kitaby türkmen diline terjime eden terjimeçilere minnetdarlygymy bildirýärin.

Bu günki çärämiziň ýene bir bölegi "Eýran – Türkmenistanyň dostlugy" atly surat bäsleşigidir. Sungat - bu halkara dildir, ony terjime etmek gerek däldir. Türkmenistanyň eziz suratkeşleri reňkleri utgaşdyryp, iki ýurduň arasyndaky çuňňur gatnaşyklary, tebigy gözelliklerini, milli geýimleri we umumy gymmatlyklary suratlandyrmagy başardylar.

Bu sergide ýerleşdirilen her bir eser, iki ýurduň bir – birege arzuw edýän parahatçylygyna, doganlygyna we ýagty geljegine barýan ýoldur. Her bir eser Magtymguly Pyragynyň we Ferdöwsiniň döwründen häzirki wagta çenli ösüp gelýän gadymy dostlugyň beýanydyr.

Bu bäsleşige örän köpsanly eseriň gelip gowşandygyna begenýäris we bu gün şol zehinleri dabaralandyrmak üçin ajaýyp pursatdyr. Hormatly emin agzalar toparymyz özleriniň adalatly bahalary bilen ýeňijileri saýladylar we şu gün şol ýeňijilere baýraklar gowşurylar.

Şu bäsleşige uly höwes bilen gatnaşan ähli gatnaşyjylary tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Siziň eseriňiz iki ýurduň dostluk diwaryna goýlan altyn kerpiçdir.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar medeni doganlyga we özara hormata esaslanýandyr. Bu aýdyň ýol iki ýurduň parasatly ýolbaşçylarynyň saýasynda öňe barýar. Şonuň üçin hem iki ýurduň belent mertebeli ýolbaşçylaryna: Eýran Yslam Ynkylabynyň Ruhy Lideri Hezret Aýatolla Seýed Mojtaba Hameneýä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Doktor Pezeşkiýana, Türkmenistanyň hormatly prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jan saglyk , uzak ömür we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýärin.

Sözümiň soňunda şu çärä gatnaşan Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşmesiniň başlygyna, gadyrly hünärmenler hem-de şu çäräni gurnamakda zähmet çeken Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasa öz minnetdarlygymy bildirýärin.

Ýaşasyn Eýran – Türkmenistan dostlugy!

- Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň hormatly başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň çykyşy

Salam hormatly adamlar, suratkeşler, talyp ýaşlar! Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi  türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilýän surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak we “Bereketli Eýran saçagyndan saýlanan tagamlar” kitabynyň tanyşdyryş dabarasynda Sizi hoş gördük.

Bilşimiz ýaly iki döwletiň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny has uzak taryhdan şu günlere çenli alyp gelýär. Mundan beýläk hem iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan medeni diplomatiýanyň hoşniýetli gatnaşyklary iki döwlet üçin hem özara bähbitli hyzmatdaşlyklarynyň oňyn netijesini berjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Bu bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesine döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Eýran Yslam döwletiniň döwlet ýolbaşçylaryna şeýle hem Türkmenistandaky Ilçihanasyna we Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysyna, şu çäräniň guramaçylygyna gatnaşan ähli guramaçylara tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn.

Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren türkmen şekillendiriş sungatyny halkara derejesinde ösdürmäge berýän goldaw hemaýatlary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize egsilmez  sag bolsun aýdýaryn, umumyadamzat bähbitli alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, jan saglyk dileýärin.

  • “Eýranyň Bereketli saçagy” kitabyndan saýlanan tagamlaryň türkmen dilinde terjimesiniň tanyşdyrylyşy barada EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan wideoşekil
  • Kitabyň tanyşdyrylyşynyň jenap Ali Mojtaba Ruzbehani, Abdolreza Abbasi we Çarymyrat Ýazmyradow tarapyndan ýerine ýetirilmegi
  • Çarymyrat Ýazmyradowyň emin agzalaryň wekili hökmünde geçirilen bäsleşigiň professional we professinal däl ugurlar boýunça ýeňijileriň saýlanylyşy barada çykyş etmegi
  •  Professioanal ugur boýunça 3 ýeňijä güwänama we nagt pul baýraklaryň gowşurulmagy (1-nji ýer 3000 manat, 2-nji ýer 1500 manat we 3-nji ýer 750 manat) we professioanal däl ugur boýunça 3 ýeňijä güwänama we nagt pul baýraklaryň gowşurulmagy (1-nji ýer 1500 manat, 2-nji ýer 750 manat we 3-nji ýer 500 manat)
  • Ähli gatnaşyjylara güwanamalaryň gowşurylmagy
  • Emin agzalara güwanama we Eýrana mahsus ýadygärlik sowgadyň gowşurylmagy (Çarymyrat Ýazmyradow T-nyň suratkeşler birleşiginiň ýolbaşçysy, Kämil Weliahmedow T-nyň sungatda at gazanan işgäri, Ahmet Hallyýew nakgaş, Ogurjeren Babaýewa nakgaş, Täjigül Gurbanowa  T-nyň sungat ussady T-nyň suratkeşler birleşiginiň agzalary, Zähra Sadat Hosseýnizadeh Eýranly nakgaş)
  • Gatnaşyjylaryň we sungat ussatlaryň ýadygärlik surata düşmegi
  • Medeniýet merkeziň howlusynda hemmelere hňdür – kerem
  • EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň T-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýu bermegi
Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.