Türkmenistanda Pars dili öwrenijileriň gyş möwsüminiň synaglary geçirildi
Ýurdumyzyň Aşgabatdaky Medeniýet Merkezinde pars dili öwrenijileriň gyş möwsüminiň synaglary geçirildi.
Ýurdumyzyň Aşgabatdaky Medeniýet Merkezinde pars dili öwrenijileriň gyş möwsüminiň synaglary geçirildi.
2024-nji ýylyň 16-njy martynda - 1402-nji ýylyň 26-njy esfänd aýynda, şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriň gyş möwsüminiň synaglary geçirildi. Dilden we ýazuw görnüşinde geçirilen synaglarda, pars dili öwrenijiler 5 dereje ýagny başlangyç, orta, öňde baryjy, ýokary we terjime boýunça berlen soraglara jogap berdiler we pars dilini öwrenmekdäki öz başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Pars dilini öwrenmegiň gyş möwsümi 1-nji deý aýyndan - 22-nji dekabrdan 28 klasda pars dili öwredilmegi bilen başlady.
Şuny bellemek zerurdyr, Pars dilini öwretmek ýurdumyzyň Medeniýet merkeziniň Türkmenistanda alyp barýan esasy işleriniň biri bolup, iki goňşy ýurduň medeniýetde oňyn hyzmatdaşlygy esasynda üstünlikli alynylyp barylýar.