Rasuli : Mübärek Remezan aýy, Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň ýürekdeşlik aýy
Aşgabat şäherinde Mübärek Remezan aýyna bagyşlanan çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi.
Aşgabat şäherinde Mübärek Remezan aýyna bagyşlanan çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi.
Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň ýürekdeşlik baýramçylygy 5-nji aprelda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde geçirildi. Bu çäre Gurhandan aýat okalmagy bilen başlandy. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Türkmenistanyň ýaşululary, diplomatlar, Eýran Yslam Respublikasyna degişöli dürli edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani Medeniýet merkezine Gurhan sergisine, kalligrafiýa we altyn çaýma sergisini gurnanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we mukaddes Remezan aýyny Taňrynyň aýratyn aýy diýip belläp sözüni dowam etdi: Yslam dünýäsiniň Pygamberinden (s) rowaýat edilýär: mukaddes Remezan aýy ähli aýlaryň iň gowusy we iň ulusydyr hem - de Magtymguly Pyragy hem Pygamberimiziň (s) şol mukaddes hadysyndan ugur alyp, Remezan aýyny beýleki aýlardan iň gowysy diýip hasaplapdyr.
Ruzbahani sözüni dowam etdi: Bu aýda ot gapylary ýapylýar we jennetiň gapylary açykýar. Remezan Gudratygüýçli Allatagallanyň aýydyr, Beýik biribar şol aýda ýagşy amallaryň sylagyny iki esse köpeldýär we ondaky erbet işleri ýok edýär. Şonuň üçin Remezan ýay bu doga- dileg etmek, toba, ýagşy işler etmek aýydyr we jennete barýan ýoldyr. Bu aý, Hudaýyň ýagşy işleri köpeldip, günäleri we erbet işleri tämizleýän aýydyr.
Ol sözüni dowam edip, Mübärek Remezan aýynda Gurhanyň hatym çykylýanyna şeýle-de Gadyr gijesiniň bu mübärek aýa düşýänine ünsi çekip şeýle diýdi: Gurhanda beýan edilýän aýata görä, Gadyr gijesi müň aýdan hem gowydyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi bu dabaraly çärä türkmen doganlarynyň hem gatnaşýanlygyna begenýänligini beýan edip, sözüni tamamlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Mübärek Remezan aýynda Gurhanyň inen aýydygyna ünsi çekip şeýle diýdi: Gurhany kerimde adynyň agzalýan ýeke-täk aýy mukaddes Remezan aýydyr we Gudratygüýçli Allatagalla bu aýy Gurhanyň wahyýy bilen tanyşdyrdy we aýtdy: Remezan aýy Gurhanyň inen aýydyr. Şonuň üçin bu aýyň beýikligi Gurhanyň inmegi bilen baglanyşyklydyr.
Ol sözüni dowam etdi: Gurhanyň taglymatlaryna eýermek adama bu dünýäde we ahyretde akyl we ruhy rahatlyk berýär.
Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň medeni umumylyklary barada durup geçip, şeýle diýdi: Mukaddes Remezan aýy, Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň halkynyň medeni umumylyklarynyň biri bolan Gurhany kerimde jemlenen musulman raýdaşlyk aýydyr. Şundan ugur alyp, Medeniýet merkezi iki ýurduň musulmanlarynyň ýüregini birek-birege ýakynlaşdyrmak maksady bilen Remezan aýynda Gurhan we kalligrafiýa sergisini geçirip, myhmansöýer türkmen halkynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre gurnady.
Dabaraly çäre myhmanlaryň Gurhan sergisine aýlanmagy, jemagat namazyny okamagy we Medeniýet merkeziň agyz açara sadakasyna gatnaşmagy bilen tamamlandy.