Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
24-nji bahman (13-nji fewral) duşenbe güni Eýranyň medeniýet günlerini we senetçilik sergisini açmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine gelen Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri doktor Muhammet Mehdi Esmaili Türkmenistanyň Kabinet ministriniň başlygynyň medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa bilen duşuşdy.
24-nji bahman (13-nji fewral) duşenbe güni Eýranyň medeniýet günlerini we senetçilik sergisini açmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine gelen Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri doktor Muhammet Mehdi Esmaili Türkmenistanyň Kabinet ministriniň başlygynyň medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa bilen duşuşdy.
Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri bu duşuşykda şeýle diýdi: Çuňňur medeni gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da gülläp ösmegine sebäp boldy, şonuň üçin iki ýurduň prezidentleriniň Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmege isleg bildirýärler.
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary wagtynda iki ýurduň arasynda bilelikdäki düşünişmek ähtnamalara gol çekilendigini mälim etdi we bu ähtnamanyň düzgünlerine üns bermegiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministrligi bu medeniýet we sungat düzgünlerini durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Ol: “Ähli sungat festiwallarynda türkmen sungat işgärlerini kabul etmäge taýýardygymyzy belläp Esmaili, serhetýaka şäherleriň birinde Nowruz baýramçylygyny geçirmek, umumy medeniýet ugurly film döretmek hem-de çagalar we ýetginjekler barada eserleri döretmek bu ähtnamanyň bir bölegidigidir we bu ugurlardaky ägirt uly tejribelerimize we mümkinçiliklerimize esaslanyp, Türkmenistan döwleti bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrys.” diýip belledi.
Medeniýet ministri mundan başga-da iki ýurduň arasynda medeniýet, sungat we metbugat pudagyndaky hyzmatdaşlygyň giň ugruna ünsi çekdi we şeýle diýdi: “14 müňden gowrak habar saýty Medeniýet ministrliginiň metbugat wekili tarapyndan ygtyýarlandyryldy we olar iki ýurduň arasynda metbugat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we türkmen metbugat işgärleri üçin okuw seminarlaryny geçirmäge taýýardyr.
Mundan başga-da, Tähran halkara kitap sergisini sebitdäki iň uly kitap sergileriniň biridigini belläp, şeýle diýdi: “Onlarça ýurduň medeni wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu sergide her gezek bir ýurt ýörite myhman hökmünde gatnaşýar we bu täze döwürde Türkmenistanyň bu sergä ýörite myhman hökmünde gatnaşmagyny isleýäris.
Türkmenistanyň Kabinet ministriniň başlygynyň medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa, Türkmenistanyň Eýran bilen medeni gatnaşyklarynyň uzak taryhynyň bardygyny aýtdy we Eýranyň medeni hepdelik maksatnamalarynda eýranly hünärmenleriň ähmiýetine ýokary baha berip, şeýle diýdi: iki ýurduň prezidentleriniň goldawy bilen medeniýet we sungat wekilleri Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin dürli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin özara pikir alyşýarlar.
Sözüniň ahyrynda, Türkmenistanda geçirilýän dabaraly çärelerde Eýranyň medeniýetwe sungat işgärleriniň gatnaşýandygyny gutlady we şeýle diýdi: “Bilelikdäki maksatnamalaryň çäginde düşünişmek ähtnamalaryna gol çekip bileris.
Şeýle hem; duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Aşyrewiç Şamyradow, Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän medeniýet hepdeliginiň bölekleri we Eýran hünärmenleriniň Aşgabatda gurnalan senetçilik sergisi barada düşündiriş bereninde şeýle diýip belledi: "Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilelikdäki önümler öndürmäge we Eýranyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly islegi bar.”
Muny belläp geçmek zerurdyr; 1400-nji ýylda(2000 ý.) surata düşürilen "Garyndaş ýurda syýahat" dokumental filmi, Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri tarapyndan Eýranyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň Kabinet ministriniň başlygynyň medeniýet boýunça orunbasaryna gowşuryldy.
Filmler.