• Mar 2 2023 - 19:35
  • 118
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezine baryp gördi

Eýranyň medeniýet günleri we senetçilik sergisini açmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine gelen Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri, doktor Muhammet Mehdi Esmaili sişenbe güni öýlän bähmän aýynyň 25-ne (14-nji fewral) Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkezine baryp gördi.

Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri, bu merkeziň dürli bölümlerine baryp göreninde, esasanam pars dili öwrenijileri bilen söhbetdeş bolanda, iki ýurduň medeni umumylygyny we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde Medeniýet merkeziň işleriniň möhümdigini aýtdy. 

Esmaili sözüni dowam etdi: Medeniýet ministrliginiň halk arasynda alyp barýan esasy syýasaty, Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň ýurduň çäginden daşarda we Yslam ulgamynyň medeni merkezi hökmünde ornuny ýokarlandyrmaga synanyşmakdaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçileriň tagallalary bilen, medeni gatnaşyklarda has köp hyzmatdaşlygyň şaýady bolmak.

Esmaili, Halk hökümetiniň goňşular bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde ileri tutýan ugurlary medeni ugurda jemlenip, Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary üçin platforma bolup biler we Türkmenistanda pars dili biliminiň ähmiýetine ünsi çekdi we sözüni  dowam etdi:  Medeniýeti söýýän Türkmenistanyň halkynyň pars dilini öwrenmek höwesi öwgä mynasyp we Saadi gaznasynyň tagallalary bilen bu ugurda köp üstünliklere şaýat bolup bileris.

Saparyň dowamynda, Medeniýet rewolýusiýasynyň Ýokary geňeşiniň agzasy Medeniýet merkeziniň we Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň, şeýle hem medeniýet günleri we senetçilik sergisini geçirmek üçin biziň ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çärelerine ýokary baha berdi we ýerine ýetirilen meýilnamalar bilen, esasanam hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny kesgitlemekde, Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynyň geçmişe garanyňda giňelmegine we ösmegine şaýat boljakdygyna umyt bildirdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: