• Mar 2 2023 - 19:32
  • 102
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Medeniýet we Yslam ugrukduryş ministry Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi

Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän medeniýet günleriniň çäginde Medeniýet we Yslam ugrukdyryş ministri Muhammet Mehdi Esmaili we onuň ýanyndaky wekiliýet Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler we Muzeýiň ýolbaşçysy Meret Çaryýew Ataýewiç tarapyndan gyzgyn garşylandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky buýrugy boýunça Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa muzeýi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birleşdirilip, Türkmenistanyň Milli muzeýi döredilýär. 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli muzeýiniň merkezi binasynyň her gapdalyndan bir sany goşmaça bina, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň hem-de Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň binalarynyň gurluşygyna girişilýär we olaryň gurluşygy 2009-njy ýylyň maý aýynda tamamlanýar.

2009-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň döredilmegi we onuň ýurdumyzyň ylmy-medeni durmuşyndaky orny Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda ýerleşýän baş muzeýleriň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet muzeýi köpugurly muzeý bolmak bilen, onuň muzeý gaznasy örän baý we muzeý gymmatlyklarynyň gaýtalanmajak nusgalaryna eýedir.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: