• Jun 8 2024 - 09:57
  • 56
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Medeniýet merkezinde Hyzmat ýolunyň şehitlerini ýatlama çäresi geçirildi

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri, şehit bolanlary ýatlamak dabarasynda, merhum Prezident Aýatolla Ebrahim Raisini we ýurdumyzyň Daşary işler ministry doktor Huseýin Amirabdollahiany ýatladylar.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri, şehit bolanlary ýatlamak dabarasynda, merhum Prezident Aýatolla Ebrahim Raisini we ýurdumyzyň Daşary işler ministry doktor Huseýin Amirabdollahiany ýatladylar.

31-nji maýda Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri şehitleri ýatlamak dabarasyna olara hormat goýdular. Ýatlama gününe ýurdumyzyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, diplomatlar we olaryň maşgalalary, merkeziň pars dilini öwrenijileridir mugallymlary hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar. Çäräniň başynda Gurhandan aýat okaldy. Ali Mojtaba Ruzbahani öz çykyşynyň başynda çärä gatnaşýanlara hoş geldiňiz diýip, şeýle diýdi:

“Bilşiňiz ýaly, Eýran halky Aýatolla Raisi, doktor Amir Abdollahian we olaryň beýleki ýoldaşlary ýaly görnükli şahsyýetlerini duýdansyz ýitirmegi sebäpli ýas tutýar. Eýran halkynyň wepaly hyzmat eden şahsyýetlerini gidirmegi hakykatdanam uly täsir ediji ýagdaý. Şeýle-de bolsa, Taňrynyň ygtyýary şular ýaly we  Eýran halky kyn ýagdaýlary güýç bilen ýeňip geçýändigini, ösüş we kämillik ýoluny dowam etdirýändigini hemişe görkezdi. Aýatolla Raisi we doktor Amir Abdollahian, Eýran Yslam Respublikasynyň 13-nji hökümetinde üç ýyl işlän döwründe, dyngysyz hyzmatyň we sözde dogruçyllygyň iki aýratynlygy bilen tanalýardy. Olaryň şehit bolmagy Eýranyň iň uzak ýerlerine iş sapary wagtynda bolup geçdi. Şonuň üçin bu ýakynlara Eýranda "hyzmat şehitleri" diýilýär, sebäbi olar Eýran halkyna hyzmat etmek üçin janyny pida etdiler. Hut şu ynsaplylyk we hyzmat ruhy millionlarça eýranlylaryň soňky günlerde şehitleriň jaýlanyş dabarasyna gatnaşmagyna sebäp boldy.”

Ol sözüni dowam edip, ýurdumyzyň merhum prezidentiniň we daşary işler ministriniň iki goňşy döwletiň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada aýdanlaryna salgylanyp we Aýatolla Raisiniň tiz wagtda Aşgabada sapary bolmalydygy barada şeýle diýdi:

“Eýran Yslam Respublikasynyň merhum prezidenti we daşary işler ministri barada ýene bir möhüm zat, goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň giňelmegini, syýasatynyň ilkinji nobatdaky "goňşuçylyk syýasaty" derejesine ýetmegidir diýip, belleýärdiler. Aýatolla Raisi we doktor Amir Abdollahian üçin goňşy ýurtlar hemişe ileri tutulýardy we goňşy ýurtlaryň arasynda Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär. Iki ýyl mundan öň Türkmenistana eden sapary wagtynda merhum prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berdi: "Biz diňe goňşy däl. Has dogrusy, biri-birimiz bilen garyndaşdyrys. Bu goňşuçylykdan bir ädim beýik diýmekdir." Bu bir öwgi däl eýsem Yslam Ynkylabynyň beýik ruhy lideriniň Türkmenistan barada aýdan pikiri. Şehit Amir Abdollahian hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine şol garaýyş bilen garaýardy we ýakynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin Aşgabat şäherine gelipdi. Aýatolla Raisi hem ýakyn wagtda gelmelidi, ýöne gynansak-da, şehit bolmagy sebäpli bu pursat elimizden gitdi. Hut şu ýakynlyk we garyndaşlyk duýgusy sebäpli Eýranyň merhum prezidenti we daşary işler ministri iki ýurduň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi berýärdiler we Türkmenistana eden saparlarynda hem bu merkeze gelip gördiler. Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekde olaryň alyp baran ýoluny dowam etdirip,şeýle hem bu merkez iki ýurduň arasynda has ýakyn aragatnaşyk üçin esasy merkez bolar diýip umyt edýärin.”

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyň prezidenti jenap Serdar Berdimuhammedowyň, hormatly milli lider jenap Gurbanguly Berdimuhammedowyň we Türkmenistanyň hökümetiniň gynanjy we duýgudaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň milli lideriniň we Daşary işler ministriniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasyna gelip, merhum prezident we Eýran bilen Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar baradaky sözleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdyp, şeýle diýdi:  “Bu şahsyýetleriň wepat bolmagy  uly gynandyryjy waka bolsa-da, bu kyn döwürde, dostlukly ýurtlaryň Eýran halky bilen bilelikde bolmagy we goldamagy guwandyryjy ýagdaý boldy. Dünýä ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda prezidenti we onuň ýoldaşlaryny alyp barýan dikuçarda bolup geçen heläkçilige goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.”

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda Eýran Yslam Respublikasynyň hormatly prezidenti Aýatolla Seýid Ebrahim Raisiniň, daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahianyň we birnäçe ýoldaşlaryndan ybarat wekiliýet bilen birlikde dikuçar heläkçiliginde şehit bolanlygy belläp, gynanç bildirmek bilen şeýle diýdi: “Bu hormatly adamlara hyzmat ýolunyň şehitleri diýilýär sebäbi Eýranyň prezidenti hemişe halka hyzmat edýärdi we hemişe halkyň meselelerini çözmäge synanyşýardy. Şeýle-de jenap Raisi ýaşlara we olaryň işine aýratyn üns berýärdi.”

Ol sözüni dowam edip, Jenap Raisiniň wagty tygşytlaýan, ýadamaýan ajaýyp adamdygyna ünsi çekip, aýtdy: “Ol haýsydyr bir mümkinçiligi elden gidirmezlige we ýadamazlyga, halka hymat etmeklige çalyşardy.”

Rasuli prezidentiň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň şehitligine ünsi çekip, şeýle diýdi: “Elbetde, şu günlerde zähmetsöýer, täsirli we hadymlar hyzmatkärler toparymyzy ýitirendigimizi göz öňünde tutmak bilen, onuň we ýoldaşlarynyň wepat bolmagy gynandyryjy ýagdaý, ýöne beýik ruhy Lideriň aýdyşy ýaly, ýurduň taryhynda we başgaça döwürlerde, rewolýusiýanyň başyndan bäri we mukaddesligi goramak, şehitligiň üstünlikleri ýurduň ýolbaşçylaryna berildi we biziň ýurdumyz bu tejribe bilen hiç hili päsgelçiliksiz ýoluny dowam etdirdi we biz hemişe bu ugurda tejribeli ýurt we millet bolup çykyş edýäris.”

Ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sözüniň soňunda hyzmat ýolunda şehit bolanlar üçin Gudratygüýçli Alladan rehim we şepagat sorap we Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň halkyna saglyk arzuw edip, şeýle diýdi: prezident Aýatolla Raesi we Eýranyň Daşary işler ministri doktor Abdullahian ikisi-de Türkmenistana eden sapary wagtynda medeniýet merkezine gelip gördüler we pars dili öwrenijileri bilen duşuşyp, söhbetdeş bolupdylar. Medeniýet merkeziň pars dili öwrenijileri olaryň kiçigöwünliligi we hoşniýetliligi hakda aýdyp, şol hormatly şehitleriň barlygy baradaky ýatlamalary ýatlamak bilen olara hormat goýýarlar.

Ýatlama güni, wideoşekil görkezmek, pars dili öwrenijileriň Medeniýet merkezine gelen Aýatolla Raisi we doktor Amirabdollahianyň ýatlamalary bilen paýlaşmaklary we hemmelere hödür edilmek bilen tamamlandy.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: