• Dec 26 2023 - 12:58
  • 57
  • Okamak üçin wagt : 6 minute(s)

Maryda amaly - haşam sungatynyň eserleriniň bilelikdäki sergisi

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda we Eýranyň mozaýka sungaty boýunça ussatlyk sapagy öz işine başlady.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda we Eýranyň mozaýka sungaty boýunça ussatlyk sapagy öz işine başlady.

14-nji dekabrda Marynyň taryh we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi we mozaýka sungaty boýunça ussatlyk sapagy Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýiniň müdiri Orazow Ysmaýyl, diplomatlaryň, Mary şäheriniň ýaşaýjylarynyň we iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda halk döredijilik toparlarynyň çykyşy bilen açyldy.  

Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýiniň müdiri Orazow Ysmaýyl hemme myhmanlara hoş geldiňiz diýip, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki sergisiniň açylmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we Gahryman Arkadagyna şular ýaly çäreleri geçirmeklik üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi: Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan syýasaty bilen medeniýet pudagy gün – günden gülläp ösýär. Amaly – haşam sungaty her döwletde onuň ykdysady ösüşiniň nyşany bolup durýar we Türkmenistanda hem amaly – haşam sungatynyň has-da ňsmegi üçin uly – uly işler ýerine ýetirilýär.

Ali Mojtaba Ruzbahani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi özüniň ilkinji saparynyň Mary şäherine bolan buýsanjyny beýan edip şeýle diýdi: Bu dabaraly çäre taryhy we medeni şäherleriň biri bolan şeýle taryhda amaly haşam syngatynyň merkezi bolan şäherde geçirilip, bu şaher Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumylyklaryň bir bölegini hem düzýändir. 

Ol sözüni dowam etdi: Amaly – haşam sungaty öňki we häzirki halkyň medeni ilçileridir we bu pudak bilen iş salyşýan adamlaryň sungatynyň we döredijiliginiň ýüze çykmasydyr. Häzirki wagtda bu pudaga üns berilmegi diňe bir bizi ol sebitiň halkynyň geçmişi bilen baglanyşdyrman, eýsem mümkin boldugyça häzirki döwrüň halkynyň aýra düşen atmosferasyna bizi äkitmäge çalyşmagydyr.

Jenap Ruzbahani Eýran Yslam Respublikasynyň el işleri sungaty boýunça eýeleýän uly orny barada belläp sözüni dowam etdi: Eýranyň amaly – haşam sungaty özüniň gadymy geçmişi, inçe – nepisligi we dürliligi bilen Ýunesko guramasy tarapyndan tassyklanyp,  Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sungatynyň bütin dünýädäki aýratyn ornyny görkezýändir. Bütindünýä el – işleri geňeşiniň maglumatyna görä, 59 sany şäher  Bütindünýä el işleri sungaty şäheri diýilip hasaba alyndy we onuň 11 şäheri we 3 obasy EYR ýerleşýändir. Şeýle – de Eýran Yslam Respublikasy el işleri taýdan Halkara YUNESKO guramasynda 1 orny eýeläp, bütin dünýäde el işleri eserlerini öndürýän 3-nji uly döwlet hasaplanýar. 

Sözüniň dowamynda iki döwletiň taryhy we medeni umumylyklary barada hem belläp geçip, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan döwleti bilen taryhy we medeni umumylyklaryny göz öňüne tutup, amaly – haşam we el işleri sungaty ýa- da başga ugurlar boýunça, ata – babalarymyzyň mirasyny, adamyzadyň maddy we maddy däl medeni we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaklyk boýunça iki taraplaýyn, sebitleýin we halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň soňunda şu serginiň geçirilmeginiň iki ýurduň arasynda medeniýet, amaly – haşam sungaty we syýahatçylyk pudagynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň has – da gülläp ösmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli ýurtlaryň arasynda halkara derejede aragatnaşygy has-da berketmekde sungatyň orny barada belläp şeýle diýdi: Sungat bu milletleriň arabaglanşygyny has-da ýakynlaşdyrmakda görnükli nusgadyr.  Bu ugur serhetleri kesip geçen agajyň ýüzünde nagyşlanan eser, ajaýyp heýkel, elde ýasalan gap we bezeg şaý - sepi görnüşinde ýokary derejeli halkara festiwallarda we bütin dünýäde milletleriň biri-biri bilen ýakynlygyny, agzybirligini we dostlugyny aýan etdi.

Sözüniň dowamynda Hazaryň kenarýakasyndaky el iş;eri sungaty barada hem belläp şeýle diýdi: Hazar deňziniň boýundaky oba we şäher ýerlerinde, şol sanda Eýranda we Türkmenistanda ýaýran el işleri sungatyna gysgaça syn berlende surat, dizaýn, reňkleme we ş.m. taýdan köp umumylyklaryň barlygy anyklanyldy. Bu sebitleriň hemmesinde diýen ýaly senetçilik däp bolan sungatyň möhüm bölegi we ykdysady durmuşyň we medeni durmuşyň aýrylmaz bölegidir.

Jenap Rasuli sözüniň dowamynda el işlerini sungatyň bir ugry, jemgyýetiň medeniýetiniň uly bir bölegi diýip belläpm sözüni dowam etdi: Eýran we Türkmenistan häzirki wagtda medeniýetde birnäçe alyş – çalyş edýärler we syýahatçylyk pudagyny hem has-da ösdürmek üçin amaly – haşam sungatyndan hem peýdalanyp bilerler. Ýene- de belläp geçmeli zatlaryň biri bu 2 ýurduň arasynda amaly – haşam sungatynyň eserlerini birek birek eksport edip, uly peýda görüp bilerler.

Dabaraly çärede Eýranyň “Zendegiýe aýinie Mazändäran” toparynyň we türkmen sungat ussatlarynyň çykyşy, sergidäki amaly – haşam sungatynyň eserleri, mozaýka sungaty boýunça ussatlyk sapagy we onuň inçe syrlary bilen ýakyndan tanyşmaklyk çärä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Şuny belläp geçmek zerurdyr, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi iki gün 15-nji dekbra çenli dowam edýär. Şeýle-de 14-15-nji dekabrda  Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň we Eýranyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti bolar.    

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: