Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary üçin Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagyndaky hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary
2025-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw jaýynyň ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty mugallymlary we talyplary üçin Eýranly mugallymlar Doktor Şähnaz Ahmedi Gader we Doktor Tähmine Şeýhiniň gatnaşmagyndaky pars dili we edebiýety boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy.
2025-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw jaýynyň ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty mugallymlary we talyplary üçin Eýranly mugallymlar Doktor Şähnaz Ahmedi Gader we Doktor Tähmine Şeýhiniň gatnaşmagyndaky pars dili we edebiýety boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy.
Bu okuw sapaklarynyň açylyşyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, eýranly professor mugallymlar, okuw sapaklarynyň dişleýjileri gatnaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçä we onuň kärdeşlerine bu okuw sapaklary guramakda eden ýardamlary üçin minnetdarlyk bildirdi we mugallymlaryň we talyplaryň pars dili bilim derejesini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw sapaklaryna eýranly professorlaryň gatnaşmagynyň möhümdigini aýtdy. Ol bu okuw sapaklarynyň gymmatly netijeleriniň iki ýurduň uniwersitetleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda pars dili we beýleki akademiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we artdyrmak üçin amatly esas boljakdygyna umyt bildirdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow eýranly professorlaryň gatnaşmagynda pars dili we edebiýaty boýunça okuw sapaklarynyň geçirilmegine begenýändigini aýtdy. Ol okuw sapaklaryny gurnamaga we geçirmeklige beren ýardamlary üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna we Medeniýet merkezine minnetdarlyk bildirdi we bu okuw sapaklarynyň geçirilmeginiň geçen aýda Eýranyň Hormatly ilçisiniň we Medeniýet geňeşçisiniň türkmen uniwersitetleri bilen duşuşygynyň netijesidigini aýtdy. Ol eýranly professorlardan gatnaşyjylaryň gatnaşyk derejesini, pars dilini öwrenmekdäki tagallalaryny, şeýle hem berlen bilim maksatnamasyny özleşdirişine baha bermegini we synag almaklygy haýyş etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi Saady gaznasyna we iki ýurduň ýolbaşçylaryna 5 uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapaklaryny geçirmek baradaky ylalaşygyna we kömegine minnetdarlyk bildirip, eýranly professorlary tanyşdyrdy we bu başarnykly we tejribeli professorlaryň bolmagynyň mugallymlaryň, talyplaryň we pars dilini öwrenýänleriň bilim derejesini ýokarlandyrmakda uly ädim boljakdygyny we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklara möhüm täsir etjekdigini aýtdy. Ol geljekde Saadi gaznasy we Türkmenistanyň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda şeýle okuwlary uzak wagtlap geçirmeklige taýýardygyny, şeýle hem türkmen professorlary we talyplary üçin Eýranda we Türkmenistanda pars dili we edebiýaty boýunça başarnyklary ýokarlandyrmak üçin şeýle okuwlary geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Eýranly professorlar Doktor Şahnaz Ahmedi Gader we Doktor Tahmine Şeýhi gysga çykyşda ilçihananyň Medeniýet merkezine we uniwersitetlere minnetdarlyk bildirdiler we pars dili we edebiýaty mugallymlary we talyplary üçin bu kursy nähili geçirmelidiginiň jikme-jik meýilnamasy barada gürrüň berdiler. Olar bu gysga on günüň dowamynda gatnaşyjylaryň bilim derejesini we pars dilinde gürleşmek ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem mugallymlara täze okuw usullaryny ornaşdyrmak arkaly pars dilini öwretmekde düzediş we kämilleşdirmek üçin tagallalarynyň ediljekdigini aýtdylar.
Soňra bolsa çärä gatnaşýanlar Okuw sapaklary üçin niýetlenen iki sany okuw otaglaryna we dynça alyş otagyna aýlanyp bu otaglarda döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyş boldylar.
Filmler.