• Jan 3 2026 - 19:32
  • 14
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Kakalar güni bellenildi

2026-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Hezret Aly (a) doglan güni we Kakalar güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de Türkmen Portal, Orient, Milli info, Ashgabat Times, Золотой Век Туркменистан, Türkmenistan gazeti, TASS, RIA Nowosti, Zaman Türkmenistan ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.  Hezret Aly (a) doglan güni we Kakalar güni mynasybetli guralan dabarada şu aşaky çykyşlar ýerine ýetirildi:

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Kakalar güni bellenildi

2026-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Hezret Aly (a) doglan güni we Kakalar güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi.

Baýramçylyk dabarasyna Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de Türkmen Portal, Orient, Milli info, Ashgabat Times, Золотой Век Туркменистан, Türkmenistan gazeti, TASS, RIA Nowosti, Zaman Türkmenistan ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Hezret Aly (a) doglan güni we Kakalar güni mynasybetli guralan dabarada şu aşaky çykyşlar ýerine ýetirildi:

  1. Gurhan Kerimden aýat
  2. “100 sekunt” atly gysga wideoşekil
  3. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň çykyşy
  4. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Hor toparynyň çykyşy – pars dilinde aýdym
  5. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň çykyşy
  6. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Hor toparynyň çykyşy – rus we pars dillerinde aýdym
  7. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň ýerine ýetirmeginde goşgylar
  8. Şirnazarow Şanazaryň ýerine ýetirmeginde Hezret Aly (a) barada aýdym
  9. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijisi Mekan Mürrikowyň ýazan makalasy
  10. Şirnazarow Şanazaryň ýerine ýetirmeginde Kakalar barada aýdym
  11. Degişme sahnalary – Pars dili öwrenijiler
  12. “Kakamyň ady bilen” atly wideoşekil
  13. Bäsleşikler : Kakalar we perzentleri
  14. Arslan Berdiýewyň ýerine ýetirmeginde pars dilinde aýdym
  15. Ýadygärlik sowgat gowşurmak we hödür – kerem

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: