• Mar 17 2026 - 18:11
  • 8
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine aýlanmagy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şu ýylky sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar. Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary barada giňişleýin maglumat berilýär. 

             

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine aýlanmagy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýylky sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.

Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary barada giňişleýin maglumat berilýär. 

Gurluşyk senagatyna degişli bölümlerde “Derýaplastik”, “Ak bulut”, sanly ykdysadyýete degişli bölümlerde “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti oba hojalyk pudagynda “Nurly meýdan”, “Sahabatly”, “Hasar” we “Misgär”, ulag-logistika pudagynda “Hazar logistik”, “Ulagly” kärhanalary gatnaşdylar. Şeýle hem himiýa senagaty, mebel we öý hojalyk, ýeňil senagaty, lukmançylyk senagaty bölümlerinde hem dürli kärhanalar gatnaşdylar.

Serginiň aýratyn bölümi amaly-haşam sungatynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanypdyr. Bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler pederlerimiziň bize goýan mirasyny aýawly saklaýarlar. Nepis haly önümleri, şaý-sepler şöhratly geçmişimiz bilen beýik geljegimiziň arasynda köpri bolup, myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.

Bu sergä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boyunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi hem aýlanyp gördi. Ol bu ýerde amaly – haşam sungaty bölüminde türkmen hünärmenleri bilen ýakyndan söhbetdeş boldy. Hususanda Dizaýn Plus hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hem-de Mirasly senet galereýasynyň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolup ýerine ýetirilen sungat eseleri barada pikir alyşdy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi 2026 –njy ýylyň 17 – 19 mart aralygynda geçirildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.