• Jul 24 2026 - 11:47
  • 33
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde matanyň ýüzünde surat çekmeklik sapaklary başlandy

1405-nji ýylyň mordad aýynyň 2-sine (2026 njy ýylyň iýul aýynyň 24-ine) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet merkezinde Eýranyň sungatyny tanatmak we öwretmek maksady bilen eýranly suratkeş hanym Zähra Sadat Hoseýnizadeniñ öwretmeginde matanyñ ýüzünde surat çekmek sapaklary başlandy. Bu okuw sapagyna “Art-bazar” galereýasynyň müdiri hem-de Türkmenistanyň halk suratkeşi hanym Täjigül Gurbanowa, uly göwrümli häzirki zaman eşikleriniň milli dizaýneri Ýelena Annaberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň taryh professory hem-de lukman Maýa Babaýewa ýaly Türkmenistanyň sungat işgärleri, professorlar we sungat höwesjeňleri, Medeniýet merkeziniň käbir pars dili öwrenijileri we Eýranyň medeniýet we sungat söýüjileri gatnaşdy. Synp 12 sapakdan bolup 2,5 sagat dowam eder. Sapaga gatnaşyjylar dizaýn, kompozisiýa, reňkleri tanamak, mata nagyşlaryny eýran usulynda geçirmegi hem-de dürli matalary boýamak usullaryny öwrenerler.

WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.29.1223

1405-nji ýylyň mordad aýynyň 2-sine (2026 njy ýylyň iýul aýynyň 24-ine) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet merkezinde Eýranyň sungatyny tanatmak we öwretmek maksady bilen eýranly suratkeş hanym Zähra Sadat Hoseýnizadeniñ öwretmeginde matanyñ ýüzünde surat çekmek sapaklary başlandy.

Bu okuw sapagyna “Art-bazar” galereýasynyň müdiri hem-de Türkmenistanyň halk suratkeşi hanym Täjigül Gurbanowa, uly göwrümli häzirki zaman eşikleriniň milli dizaýneri Ýelena Annaberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň taryh professory hem-de lukman Maýa Babaýewa ýaly Türkmenistanyň sungat işgärleri, professorlar we sungat höwesjeňleri, Medeniýet merkeziniň käbir pars dili öwrenijileri we Eýranyň medeniýet we sungat söýüjileri gatnaşdy. Synp 12 sapakdan bolup 2,5 sagat dowam eder. Sapaga gatnaşyjylar dizaýn, kompozisiýa, reňkleri tanamak, mata nagyşlaryny eýran usulynda geçirmegi hem-de dürli matalary boýamak usullaryny öwrenerler.

Sapagyň açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi sungaty halklaryň umumy dili we Eýran bilen Türkmenistanyň umumy taryhy we medeniýeti hökmünde belläp geçdi. Şeýle sapaklaryň geçirilmeginiň medeni diplomatiýanyň, dostlugyň ösmegi üçin hem-de iki ýurduň sungat işgärleriniň tejribelerini alyş-çalyş etmeginde, Türkmenistanyň halkynyň we sungat işgärleriniň eýran sungaty bilen tanyşmak üçin möhümdigini nygtady. Pars dili we edebiýatynyň ýaýramagynyň ähmiýetine üns berip, türkmen höwesjeňlerine Eýranyň medeniýeti, sungaty we siwilizasiýasy bilen has ýakyndan tanyşmak üçin mümkinçilik döretmek maksady bilen, milli sungat sapaklaryndan we pars dili sapaklaryndan başga-da, Eýranyň milli naharlaryny bişirmek sapaklaryny guramagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Gatnaşanlara berlen çeperçilik esbaplarynyň çäklidigi sebäpli häzirlikçe 10 adamlyk synp açyldy we ýakyn wagtda beýleki isleg bildirýänleriň gatnaşmagynda indiki sapaklaryň geçiriljekdigini belläp geçdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.29.22 WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.29.23 WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.51.51 WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.43.26 WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.2239.30 WhatsApp Image 2026-07-27 at232 10.29.23 کلاس نقاشی روی پارچه فارسی 1 WhatsApp Image 2026-07-27 at 10.54.26 کلاس نقاشی روی پارچه فارسی ترکمنی

Filmler.