• Aug 29 2026 - 16:57
  • 19
  • Okamak üçin wagt : 9 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan gününe bagyşlap Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtäbа Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijileri we olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanda ýaşaýan we zähmet çekýän eýranly hünärmenler we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Eýrandan wagtlaýyn iş saparyna gelen işgärler gatnaşdylar.

WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.37 PM

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan gününe bagyşlap Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtäbа Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijileri we olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanda ýaşaýan we zähmet çekýän eýranly hünärmenler we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Eýrandan wagtlaýyn iş saparyna gelen işgärler gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy meýilnamasy esasynda pars dili öwrenijisi Ýazmyrat Akmyradow tarapyndan mukaddes Gurhany Kerimden aýatlar okaldy. Dabaranyň alyp baryjylary hökmünde hanym Dünýägözel Berdigylyjowa we Orazjemal Nurgeldiýewa çykyş etdiler.

Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş edip, ol öz çykyşynda myhmanlary Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan güni bilen gutlap, bu günüň dost-doganlygy we agzybirligi berkitmek üçin iň gözel we manyly günleriň biridigini, hem-de Rabi ul-Ewwel aýynyň ynsanyýete berlen iň beýik ylahy rehmetiň beýanydygyny belläp geçdi. Jenap Abbasi bu günde ynsanlaryň iki beýik şahsyýetiň: ajaýyp ahlagyň we mähribanlygyň beýany bolan soňky Pygamber Muhammet Mustafanyň (s.a.w) hem-de ylym-bilimiň, aň-düşünjäniň we päk yslam taglymatlarynyň beýany bolan Ymam Jäfär Sadegiň (a.s) mübärek doglan günlerini bellemek üçin jemlenendigini belläp, häzirki wagtda Yslam dünýäsiniň has hem «agzybirlige» mätäçdigini, Yslam duşmanlarynyň hemişe bölünişigiň oduny ýakmak, dürli mezhepleri we garaýyşlary biri-birinden aýyrmak, ownuk tapawutlary öňe sürmek arkaly musulmanlaryň maddy we ruhy mümkinçiliklerini netijesiz sarp etdirmäge çalyşyp gelýändiklerini aýtdy.

Ol bu senäniň «Jepbislik hepdesi» diýlip atlandyrylmagynda uly hikmetiň bardygyny belläp, şeýle diýdi:

“Sünni doganlarymyzyň rowaýatyna görä, Rabi ul-Ewwel aýynyň 12-si bilen şaýy doganlarymyzyň rowaýatyna görä, Rabi ul-Ewwel aýynyň 17-si arasyndaky birnäçe günlük tapawut baradaky pikirler Yslam Ynkylabynyň Beýik Ruhy Lideri, Ymam Homeýniniň paýhasly we çuňňur garaýşy netijesinde aragatnaşyk köprüsine, birleşdiriji nokada we Yslam ymmatynyň jebisliginiň nyşanyna öwrüldi.”

Jenap Abbasi öz çykyşynyň dowamynda Yslam Ynkylabynyň Şehit Ruhy Lideri Ymam Hameýneýiň yslam ymmatynyň agzybirliginde Pygamberimiziň (s.a.w.) eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada aýdan sözlerinden mysal getirip, şeýle diýdi:

- «Bu gün merhemetli Yslam Pygamberimiziň (s.a.w) doglan güni bilimleriň, paýhasyň, ahlagyň, rehmediň we agzybirligiň başlangyjydyr. Beýik Pygamberimiziň (s.a.w) mukaddes şahsyýeti Yslamyň ähli döwürlerinde Yslam ymmatynyň agzybirliginiň iň beýik çeşmesi bolupdyr we şu gün hem şeýle bolup biler. Sebäbi ähli musulman mezhepleri tarapyndan ykrar edilýän we jedelsiz kabul edilýän bu beýik şahsyýete bolan ynam ähli musulmanlaryň ýüreginde orun alandyr. Yslam ymmatynyň ähli agzalarynyň duýgulary we söýgüsi şol ýeke-täk merkez bilen baglanyşyklydyr.»

 Jenap Abbasi çykyşynyň ahyrynda çärä gatnaşan gadyrly myhmanlara minnetdarlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Ynkylabynyň Beýik Ruhy Lideri, Aýatolla Seýed Mojtäba Hosseýni Hameneýä berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edip, Şehit Ruhy Lider Ymam Hameneýiniň beýik we nurana ruhuna dileg-doga edip, Beýik Biribardan musulmanlaryň ýüreklerini günsaýyn biri-birine has-da ýakyn etmegini, bütin Yslam ymmatynyň üstünde parahatçylygy, howpsuzlygy, agzybirligi we mertebäniň hemişelik dowam etdirmegini arzuw etdi.

Dabaranyň dowamynda Muhammet Pygamber (s.a.w.) hakynda gysga wideoşekil görkezildi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtäbа Ruzbehani çykyş edip, pars dilini öwrenmäge uly höwes we gyzyklanma bildirýän pars dili öwrenijileriniň, şeýle hem hormatly eýranly maşgalalaryň we Türkmenistanyň mähriban halkynyň arasynda bolmagyň bu dabarany many-mazmun taýdan has baýlaşdyrandygyny aýtdy.

Jenap Ruzbehani: “Şatlykdan we nurdan doly bu pursatlarda, soňky pygamberiň – Hatem ul-Enbiýanyň nuruny, adamzat üçin sönmeýän ynanç güneşiniň bütin dünýä şöhle saçmagyny nesip eden gudraty güýçli Biribara çäksiz şükürlerimizi bildirýäris. Onuň mübärek şahsyýeti tutuş älem üçin ahlak gözelliginiň, mähir-muhabbetiň, aň-düşünjäniň we ylym-bilimiň çeşmesidir.” – diýip, Beýik Pygamberiň (s.a.w) parahatçylygyň, ynsan mertebesiniň we belent ahlagyň habarçysydygyny, Onuň adamlaryň durmuşyny garaňkylygyň, nadanlygyň, düşünjesizligiň we agzalalygyň gurşap alan döwründe ýagtylygyň we paýhasly pikirlenmegiň nyşanyny belende göterip, adamzadyň geljekdäki ýoluny akyl-paýhasa, ylym-bilime we mertebä tarap ugrukdurandygyny belläp geçdi.

Jenap Ruzbehani çykyşynyň dowamynda “Beýik Pygamberimiz (s.a.w.) adamlara hakyky halas bolmagyň we baky bagtyýarlygyň ahlaklylykda, mähirlilikde, geçirimlilikde we Allanyň bendelerine ýagşylyk etmekde kemala gelýändigini öwretdi. Onuň sünneti we durmuş ýörelgesi adalatlylygyň, ynsanperwerligiň, deňligiň we özara hormatyň esasynda ýaşamak üçin kämil hem-de baky nusgadyr.” – diýip, Yslam Pygamberiniň (s.a.w) taglymatlarynyň has gowy geljegi gurmakda hemişe ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat etjekdigini, geljekde ylmyň, bilimiň, parahatçylykly ýaşamagyň we başgalara ýagşylyk etmegiň zorlugyň we agzalalygyň ornuny tutmalydygyny hem-de Yslam Pygamberiniň (s.a.w) adamzadyň kämillige tarap alyp barýan ýoluny ýagtylandyrmakdaky orny deňsiz-taýsyzdygyny we biziň hem-de perzentlerimiziň ýagty ertiriniň ýoluny aýdyň görkezýändigini nygtady.

Eýranyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Ruzbehani sözüniň ahyrynda Yslam Ynkylabynyň şehit Ruhy Lideri, Beýik Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň, şeýle hem onuň yzyny mynasyp dowam etdiriji bolan Eýran Yslam Respublikasynyň Ruhy Lideri Aýatolla Seýed Mojtäba Hameneýiniň, hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň hormatly Prezidenti doktor Masud Pezeşkiýanyň dostlukly we doganlyk ýurt bolan Türkmenistan bilen medeni gatnaşyklary ösdürmekde hem-de giňeltmekde edýän tagallalary üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işlerinde üstünlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Dabaranyň birinji ýarymynda bu sene mynasybetli yglan edilen surat çekmek bäsleşiginiň I tapgyrynyň ýeňijilerini tanyşdyryldy we olaryň arasynda çäräniň dowamynda Pygamberimiziň (s.a.w.) doglan pursadyny şekillendirmek boýunça surat çekmek bäsleşiginiň II tapgyry yglan edildi. Soňra kiçi ýaşly pars dili öwrenijileri Ogulnabat Şalyýewa, Süleýman Gurbangulyýew, Ýagmyr Amanmyradow, Ogulgözel Garryýewa we Ahmet Garryýew tarapyndan beýik pars şahyry Saady Şirazynyň “Mah forumanäd” atly goşgusy, Şanazar Şirnazarow tarapyndan türkmen dilinde «Muhammet» atly aýdym, pars dili öwrenijisi Emine Rejepowa tarapyndan pars dilinde goşgy ýerine ýetirildi.

Dabaranyň II ýarymynda pars dili öwrenijileri Mukam Allanazarow bilen Rüstemaly Ýusupowyň gatnaşmagynda deprek saz guralynda çykyş ýerine ýetirilip, çagalar üçin birnäçe gyzykly we gülkili bäsleşikler guraldy. Eýranyň gadymy we asylly däbine eýerilip, atlary Muhammet, Sadyk we Japar bolan pars dili öwrenijilerine we myhmanlara sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda Pygamberimiziň (s.a.w.) doglan gününe bagyşlanyp geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi:

  • 37 sany pars dili öwrenijiniň gatnaşmagynda «Beýik Pygamberiň (s.a.w.) ömür beýany - Ýolbaşçynyň sözi bilen» atly kitap boýunça geçirilen sorag-jogap bäsleşiginiň netijeleri boýunça Şöhrat Kakajanow – I orna, Annasoltan Berdigylyjowa – II orna, Hatyja Geldimämmedowa we Jumasoltan Babanazarowa – III orna;
  • 26 sany pars dili öwrenijiniň gatnaşmagynda geçirilen Diwar gazetleri bäsleşiginiň netijeleri boýunça Marsel Aýrapetýan – I orna, Nurana Amanmyradowa – II orna, Hatyja Geldimammedowa we Emine Halykowa – III orna mynasyp boldular.

Pars dili öwrenijisi Aýsoltan Baýramowa surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde saýlanyldy. Dabaraly çäräniň dowamynda bäsleşiklere gatnaşan we çykyşlary ýerine ýetiren ähli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda pars dili öwrenijisi Arslan Berdiýew tarapyndan, meşhur şahyr Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetler” atly eseriniň 41-nji hikmeti türkmen dilinde we aýdym görnüşinde ýerine ýetirildi. Soňra bolsa myhmanlara hödür-kerem edildi.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.22.44 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.23.21 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.23.02 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.02 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.16 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.23.35 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.44 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.48 PM (1) WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.48 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.51 PM (1) WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.51 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.52 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.54 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.55 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.56 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.57 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.24.59 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.25.05 PM WhatsApp Image 2026-08-29 at 6.25.07 PM WhatsApp Image 2026-08-31 at 1.13.08 PM (2) WhatsApp Image 2026-08-31 at 1.13.08 PM WhatsApp Image 2026-08-31 at 11.23.16 AM WhatsApp Image 2026-08-31 at 1.13.12 PM WhatsApp Image 2026-08-27 at 10.31.49 AM (1) WhatsApp Image 2026-08-27 at 10.31.50 AM (3) WhatsApp Image 2026-08-27 at 10.31.50 AM (4) WhatsApp Image 2026-08-27 at 10.31.50 AM (5)

Filmler.