• Jun 10 2023 - 14:18
  • 120
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Eýranyň we Türkiýäniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçileriniň Türkmenistanda duşuşygy

Türkiýäniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Mesmet Ýasa, ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli bilen

Türkiýäniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Mesmet Ýasa, ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli bilen Medeniýet merkezinde duşuşyp, geşleşik geçirdiler. Duşuşykda Ýasa, Eýranyň Türkmenistanda alyp barýan giňişleýin we ähmiýetli işleri bilen baglanyşykly ýudumyzyň Medeniýet merkezi bilen tejribe alyşmak isleýändigini aýtdy we şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçiriljek Türkiýäniň medeniýet günlerine ünsi çekdi.

Nawid Rasuli ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi, Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy ýurtlar bilen taryhy, medeni, dini we jemgyýetçilik umumylyklaryna ünsi çekip, şeýle diýdi: Türkiýe we Türkmenistan ýaly goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk etmeklige birnäçe ugurlar bar.

Ol, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň köp ýurtlaryň we hökümetleriň birek-biregi tanamagyna, ýakynlaşmagyna we gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlyga we bilelikdäki medeni maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: