Eýranyň Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary guramasynyň müdiriniň Türkmenistanyň Medeniýet ministri bilen duşuşygy
Hojjat – ul - Yslam wal – Moslemin Imanipur Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşdy.
Hojjat – ul - Yslam wal – Moslemin Imanipur Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşdy.
Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň habar bermegine görä, Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri Hojjat-ul-Yslam Muhammet Mehdi Imanipur, Magtymguly Pyragynyň 300 – ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri jenap Imanipura çakylygy kabul edip maslahata gatnaşýanlygy üçin sag bolsun aýtdy. Şeýle hem, iki tarap medeni hyzmatdaşlyk, taryhy, medeni we dini umumylyklar we iki ýurduň dost - doganlygy barada pikir alyşyp, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi we berkidilmegi barada belläp geçdiler.
Duşuşygyň soňunda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanyp, çap edilen Magtymguly Pyragynyň 2 jiltlik diwany Türkmenistanyň Medeniýet ministrine sowgat edildi.