• Mar 6 2022 - 10:09
  • 355
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleriniň surat sergisi Aşgabatda geçirildi

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleriniň surat sergisi Aşgabatda geçirildi

Aşgabatda  Eýranyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleriniň surat sergisi geçirildi.

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäginde hem-de “Rewolýusiýanyň ikinji ädimi baradaky beýannamadan”  ugur alyp  2-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda baýramçylygyň öňüsyrasyndaky 10 günüň dowamynda  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezi tarapyndan  gurnalan "Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň üstünlikleri" atly surat sergisi  geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky  Ilçihanasynyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap  Nawid Rasuli, serginiň açylyş dabarasynda şeýle diýdi: “Bu sergi Yslam Rewolýusiýasyndan soňky 43 ýylda gazanylan üstünlikleri görkezýär. Bu ýyllar Eýranyň ösmegine getiren Eýran halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň  we  tagalla eden  ýyllarydyr. Bularyň hemmesi, Eýranyň  senagat, aerokosmos, energiýa, kosmos hemralary, ýurdy goramak, oba hojalyk, ylym we bilim, saglygy goraýyş, baldak öýjükleri  we ş.m pudaklarda dünýä derejesine ýetendigini görkezýär. Bu üstünlikleriň hemmesi tomaşaçylara çeperçilik usuly  we sungat dilinde hödürlenýär”. Serginiň maksady Türkmenistan ýurdunyň dost-dogan halkyny  Eýranyň ylmy we tehniki ösüşi bilen tanyşdyrmak  diýip,  -  jenap Rasuli belläp geçdi.

Bu sergide myhmanlar üçin Eýranyň  ylym we senagat pudaklarynda iň  soňky  gazanylan  üstünlikleri  baradaky   24-den gowrak  fotosurat  görkezildi.

Okyjylary köp bolan  “Turkmeneportal” web sahypasynda hem  Eýranyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňky ýyllarda   gazanylan üstünlikleri baradaky  surat serginiň geçirilmegi barada  maglumat  berildi. Bu makalada şeýle  ýazylan: “Ertir Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde surat sergisi açylar. Bu sergi Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýar.  Sergide türkmen tomaşaçylara  Eýranyň  üstünlikleri baradaky fotosuratlar  görkeziler.

"Eýran  -  baý medeni mirasy, ösen binagärligi, senagaty, lukmançylygy, çeper miniatýurasy,  sungaty  we  senetçiligi  bolan  ýurtdyr. Bu serginiň esasy maksady, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna  eýran hünärmenleriniň ylmy we tehniki taýdan güýjini we mümkinçiliklerini  görkezmek" - diýip, sergininiň  gurnaýjylary nygtadylar.

1979-njy ýyldaky  Eýran Yslam Rewolýusiýasy, diňe  Orta Gündogar sebiti üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhüm taryhy ähmiýete eýe bolan XX-nji asyryň iň möhüm wakalarynyň biridir. Yslam Rewolýusiýasynyň esasy netijesi monarhiýanyň agdarylmagy  we Aýatolla Homeýniniň (1979-njy ýyldan 1989-njy ýyla çenli Eýranyň ýokary ruhy ýolbaşçysy) ýolbaşçylygyndaky Yslam Respublikasynyň döredilmegi boldy. Bu waka Eýranyň medeniýetiniň we sungatynyň gaýtadan dikeldilmegine güýçli itergi berdi”.

 

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: