• Nov 10 2025 - 18:47
  • 9
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş çäresi

2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapalyş dabarasy geçirildi. Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nowwaýew, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat ussatlary Näjmeh Hosseinian we Seýedehsähär Haşemi, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş çäresi

2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapalyş dabarasy geçirildi.

Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nowwaýew, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat ussatlary Näjmeh Hosseinian we Seýedehsähär Haşemi, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, Eýran we Türkmen halklarynyň taryhy hem-de medeni gymmatlyklarynyň meňzeşdigini belläp, sungat we döredijiligiň halklaryň arasyndaky dostluk köprüsini has-da berkidýändigini aýtdy. Ol şeýle hem Türkmenistanynyň Medeniýet ministrligine ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilmegine beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we medeniýet we sungat ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin geljekki ýyllarda şeýle ussatlyk sapaklarynyň hem Türkmenistanda, hem-de Eýran Yslam Respublikasynda geçirilmegine taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow öz çykyşynda, "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda" Eýrandan gelen sungat ussatlary tarapyndan ussatlyk sapaklarynyň geçirilmeginiň, Türkmenistanda alnyp barylýan hoşniýetli goňşuçylyk we "Açyk gapylar" syýasatynyň medeniýet we sungat ugrunda hem dabaralanýandygyny doly aşgär edendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem sungatyň dürli ugurlarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagyny goldaýandygyny tassyklady.

Ol şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, türkmen halkynyň milli lideri we Medeniýet ministrligine sagbolsun aýdyp, Çeperçilik akademiýasynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň bu okuw sapaklarynyň we beýleki medeni-hem-de sungat çäreleriniň dowam etdirilmegine umyt bildirdi.

Soňra, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, dost we doganlyk ýurt— Türkmenistanyň çäginde medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi hökmünde işlemeklige mümkinçiligi berendigi üçin Hudaýa şükür etýänligini aýtdy. Ol şeýle hem Eýran bilen Türkmenistanyň umumy medeniýeti, taryhy we sungatynyň dürli we bilelikdäki medeni-sungat çäreleriniň geçirilmegine esas bolýandygyna örän şatdygyny beýan etdi. Şeýle-de ol iki ýurduň  ýolbaşçylaryna, prezidentlerine we degişli ýolbaşçylaryna medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine, dürli ugurlarda medeni çäreleriň geçirilmegine üns berýändikleri we goldaw berýändikleri üçin sagbolsun aýtdy.

Ol Akademiýanyň talyplarynyň hem-de Medeniýet merkezinde geçirilen ussatlyk sapagyna gatnaşan türkmen okuwçylarynyň ýokary başarnygy we zehini agzap, Eýranly mugallymlaryň bir hepde ýa-da on günde çäkli wagtyň dowamynda öz çuň bilimlerini we sungat başarnyklaryny doly derejede talyplara geçirip bilmejekdiklerini aýtdy. Şonuň bilen birlikde, mugallymlaryň we talyplaryň Eýranly mugallymlaryň yzygiderli gatnaşmagyna bildirýän ýokary höwesi göz öňünde tutulyp, Medeniýet merkezi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Çeperçilik akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda şular ýaly maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin taýýardygyny beýan etdi. Bu maksatnamalaryň arasynda Eýranly mugallymlaryň uzak möhletleýin we yzygiderli gatnaşmagy, dürli ugurlarda eýranly sungat işgärleriniň gatnaşmagynda okuw-usulyýet sapaklarynyň gurnalmagy, iki ýurduň mugallymlarynyň we talyplarynyň özara alyş-çalyşygy, bilelikdäki sungat sergileriniň we beýleki medeni çäreleriniň geçirilmegi ýaly işleriň bardygy belläp geçdi.

 

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nowwaýew, geçen we şu ýyl geçirilen altyn çaýyp bezemek (tezhip) hem-de miniatýura sungaty boýunça okuw-usuly sapaklaryna degişli çykyşynda, bu çäreleriň guralmagynda hyzmatdaşlyk eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna hem-de Medeniýet merkezine sagbolsun aýtdy, we şeýle diýdi:

«Biz şu güne çenli Medeniýet merkezi bilen hyzmatdaşlykda birnäçe dürli medeni we çeperçilik çärelerini geçirdik. Bu hyzmatdaşlygymyz örän gowy derejede alnyp barylýar we geljekde hem has-da ösdüriler diýip umyt edýäris diýip belledi.

 

Eýrandan sapara gelen altyn çaýyp bezemek  sungaty (tezhip) we miniatýura sungaty boýunça mugallymlar hanymlar Näjmeh Hosseinian we SeýedehSahar Haşemi çykyş edip, Türkmenistana gaýtadan sapar bilen gelenlerine, zehini we başarnygy ýokary bolan türkmen talyplarynyň arasynda bolmakdan begenýänlerini belläp, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň we jogapkär edaralarynyň medeni gatnaşyklary giňeltmäge döredýän mümkinçiliklerini örän hoşaldyklaryny aýtdylar.

Dabaranyň dowamynda ussatlyk sapaklaryna gatnaşan talyplara hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenlere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, medeniýet meseleler boýunça geňeşçisi , beýleki myhmanlar we talyplar Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýanyň rektorynyň çagyrmagy bilen ýerine ýetirilen sungat eserleriniň sergisine hem-de Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýanyň "Altyn Gazna" atly muzeýine aýlandylar.

Bu çäre iki döwletiň arasynda medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: