• Nov 1 2025 - 17:22
  • 15
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy

2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Annamuhammedow Rüstem Dolyýewiç, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, miniatýura sungaty boýunça hünärmen hanym Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça hünärmen hanym Näjmeh Hosseýniýan çykyş etdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy

2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Annamuhammedow Rüstem Dolyýewiç, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, miniatýura sungaty boýunça hünärmen hanym Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça hünärmen hanym Näjmeh Hosseýniýan çykyş etdiler.

Çykyş edenler 2024 – nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, iki dost – dogan ýurduň medeni gatnaşyklarynyň günsaýyn ösýändigini aýtdylar. Şeýle –de medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegi üçin şular ýaly ussatlyk sapaklarynyň iki ýurtda geçirilmegi zerurdygyny we onuň hem medeni alyş – çalyşa uly itergi berjekdigini aýdyp geçdiler.

Soňra açylyş dabara gatnaşýanlar Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenleriň we 2024-nji ýylda ussatlyk sapagyna gatnaşan türkmen talyplarynyň ýerine ýetiren işlerinden taýýarlanan sergä tomaşa etdiler.

Sergiden soňra myhmanlar we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory we mugallymlary bilen bilelikde Çeperçilik akademiýanyň Altyn Fond” atly muzeýine aýlanyp, bu muzeýde talyp ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilen işleri syn etdiler.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: