Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Diplomatlar güni mynasybetli guralan çärä gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutyň foýesinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykdaky atçylyk mowzugynda ýörite sergi guraldy. Bu sergä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi hem gatnaşdy.

Çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem bu sergä aýlanyp gördi. Daşary işleri ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi bilen mähirli salamlaşyp, iki doganlyk döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça durnukly ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle-de bedew atlaryň Eýran bilen Türkmenistanyň halklarynyň taryhynda we medeniýetinde görnükli orun eýeleýändigi we çowgan atly sportunyň hem türkmen türgenleri üçin gyzyklydygyny we bilelikde işlenilip biljek gowy ugurlaryň biridigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky İlçihanasynyň Medeniýet merkezine Eýranyň medeniyetini, sungatyny hem-de pars dilini we edebiýatyny Türkmenistanda tanatmakda alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra çärä gatnaşýanlar mejlisler zalynda maslahata gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy. Onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmeginiň, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işiniň, şeýle hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny we onuň ählumumy parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny tassyklaýandygy bellenilýär.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitro Şlapaçenko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerini, şeýle-de institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem institutyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi.
Filmler.