• May 11 2026 - 09:23
  • 19
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de Mugallymlaryň ornuny hormatlamak hepdeligine bagyşlanan dabaranyň geçirilmegi

Medeni we edebi seneleriň birnäçesi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda (1405-nji ýylyň 21-nji ordibeheştinde) sagat 18:00-dan 20:00-a çenli pars dilini gorap saklamak, beýik şahyr Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de Ferdöwsiniň goşgularyny ýatdan aýtmak we “Şanama” okamak boýunça bäsleşik geçirildi.    Medeniýet merkeziniň 1405-nji ýylyň 12-nji ordibeheştinde Mugallymlar güni bilen utgaşykly Mary şäherinde Ymam Reza (a.s.) festiwalyny geçirmegini nazara alyp, pars dilini gorap saklamak dabarasynyň bir bölegi mugallymyň belent mertebesine bagyşlanan goşgy okaýyşlaryna, döredijilik ýazgylaryna we Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň mugallymlary hormatlamak çykyşlaryna bagyşlandy.    Gurhany Kerimden aýatlaryň okalmagyndan we Eýran Yslam Ynkylabynyň şehit lideri Ymam Hameneýiniň mugallymyň mertebesi baradaky çykyşlarynyň görkezilmeginden soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de Mugallymlaryň ornuny hormatlamak hepdeligine bagyşlanan dabaranyň geçirilmegi

   Medeni we edebi seneleriň birnäçesi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda (1405-nji ýylyň 21-nji ordibeheştinde) sagat 18:00-dan 20:00-a çenli pars dilini gorap saklamak, beýik şahyr Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de Ferdöwsiniň goşgularyny ýatdan aýtmak we “Şanama” okamak boýunça bäsleşik geçirildi.

   Medeniýet merkeziniň 1405-nji ýylyň 12-nji ordibeheştinde Mugallymlar güni bilen utgaşykly Mary şäherinde Ymam Reza (a.s.) festiwalyny geçirmegini nazara alyp, pars dilini gorap saklamak dabarasynyň bir bölegi mugallymyň belent mertebesine bagyşlanan goşgy okaýyşlaryna, döredijilik ýazgylaryna we Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň mugallymlary hormatlamak çykyşlaryna bagyşlandy.

   Gurhany Kerimden aýatlaryň okalmagyndan we Eýran Yslam Ynkylabynyň şehit lideri Ymam Hameneýiniň mugallymyň mertebesi baradaky çykyşlarynyň görkezilmeginden soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi myhmanlary mähirli mübärekläp, dabara gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, şu günki maksatnamanyň birnäçe möhüm senäni öz içine alýandygyny, olaryň her biriniň aýratyn gymmatlydygyny aýtdy.

   Ol Mugallymlar güni barada durup geçip, Yslam ynkylabynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň “Mugallymçylyk pygamberleriň käridir” diýen sözlerini ýatlatdy. Şeýle hem şehit Ymam Hameneýiniň mugallymlary ýurduň geljegini gurýanlar we ýaş nesli terbiýeleýänler hökmünde hemişe ýokary hormat bilen agzap gelýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, mugallymçylyk “iň gymmatly kär” we “Allanyň ýolundaky hyzmat” bolup, jemgyýetiň ylmy we ahlak sypatlarynyň kemala gelmeginde esasy orny eýeleýär. Şonuň üçin mugallymlary hormatlamak umumy borçdur, diýip belläp geçdi.

   Jenap Abbasi öz çykyşynyň dowamynda Medeniýet merkezinde pars dilini öwredýän ähli mugallymlara aýratyn minnetdarlyk bildirip, olary Mugallymlar güni bilen gutlady. Şeýle hem Mary şäherinde geçirilen Ymam Reza (a.s.) festiwalyna gatnaşan mugallymlaryň pars dilini öwretmek we ýaýratmak ugrunda alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berdi.

   Jenap Abbasi pars dili we edebiýatynda “Şanama” eseriniň aýratyn ornuna ünsi çekip, onuň pars diliniň beýikligini görkezýän iň möhüm ýazuw ýadygärlikleriniň biridigini hem-de gadymy Eýran medeniýetiniň we siwilizasiýasynyň şöhratyny şöhlelendirýän gymmatly hazyna bolup durýandygyny aýtdy. Ferdöwsiniň ömrüniň 30 ýylyny bu eseri ýazmaga bagyşlandygyny belläp, onuň meşhur setirlerini mysal getirdi.

   Ol birnäçe hepde mundan öň Medeniýet merkezinde we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde geçirilen goşgy okaýyş we saadyşynaslyk bäsleşiklerine pars dili öwrenijileriniň hem-de Türkmenistanyň  5 sany ýokary okuw jaýynyň pars dilini öwrenýän talyplarynyň uly höwes bilen gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle hem şol bäsleşikde I we II orunlaryň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň eýeländigini nygtap, öňde geçiriljek “Şanama” okamak bäsleşigine gatnaşyjylaryň doly taýýarlykly bolmalydyklaryny we mugallymlaryň öz okuwçylary bilen has köp taýýarlyk işlerini geçirmeginiň möhümdigini belledi.

   Ferdöwsiniň we Omar Haýýamyň şygryýet güni, pars dilini gorap saklamak we Mugallymlar güni mynasybetli dabaranyň maksatnamasy:

  1.  Gurhany Kerimiň okalmagy - Yslam Işangulyýew.
  2.  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan Yslam Ynkylabynyň şehit lideri baradaky wideoşekiliň görkezilmegi.
  3.  Çäräni alyp baryjynyň gutlag sözleri.
  4.  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň çykyşy.
  5.  Medeniýet merkeziniň hor toparynyň çykyşlary.
  6.  Pars dili öwrenijileriniň mugallymlar Sabina Azizowa we Öwezbegi Pygambergulyýewa bagyşlanan gutlag çykyşlary.
  7.  Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan mugallymlar baradaky arhiw wideoşekiliniň görkezilmegi.
  8.  Kuwwatberdi Baýramgeldiýew tarapyndan Ferdöwsiniň goşgusynyň ýerine ýetirilmegi.
  9.  Medeniýet merkeziniň hor toparynyň aýdym-sazly çykyşy.
  10.  Pars dili öwrenijileriniň mugallymlar Aýsoltan Agaýewa we Kümüş Agaýewa bagyşlanan gutlag çykyşlary.
  11.  Mugallymlar barada taýýarlanan degişmeli wideoşekiliň görkezilmegi.
  12.  Arslan Berdiýew tarapyndan Omar Haýýamyň goşgularynyň dürli dillerde ýerine ýetirilmegi.
  13.  Mugallym Nurnabat Täjiýewanyň toparynyň pars dili öwrenijisi Orazjemal Nurgeldiýewa tarapyndan makala okalmagy.
  14.  Ýaş sazanda Alihan Illiýew tarapyndan pianinoda sazyň ýerine ýetirilmegi.
  15.  Pars dili öwrenijileriniň mugallymlar Negin Rejepowa, Parastu Rizaýewa, Ýadolla Mohammadi we Maýa Bimanowa bagyşlanan gutlag çykyşlary.
  16.  Pars dili mugallymlarynyň Mary şäherine sapary we Ymam Reza (a.s.) festiwalyna gatnaşmagy baradaky wideoşekiliň görkezilmegi.
  17.  Gyzykly bäsleşigiň geçirilmegi.
  18.  “Ýylyň göreldeli mugallymy” Negin Rejepowa barada wideorşekiliň görkezilmegi.
  19.  Baýraklaryň gowşurylmagy.
  20.  Pars dili öwrenijileriniň mugallym Zahra Hosseýnzadä bagyşlanan dürli dillerdäki gutlag çykyşlary.
  21.  Pars dili öwrenijisi Ýunus Illiýew tarapyndan “Garagum” aýdymynyň ýerine ýetirilmegi.
  22.  Bäsleşikleriň ýeňijilerine baýraklaryň, mugallymlara sowgatlaryň, Hormat hatlarynyň we 1404-nji hijri-şemsi ýylynyň “Ýylyň göreldeli mugallymy” baýragynyň gowşurylmagy.
  23.  Myhmanlara hödür-kerem edilmegi.

  Dabara ýokary ruhubelentlikde geçip, pars dili we edebiýatyna bolan gyzyklanmany has-da artdyrmaga, şeýle hem mugallymçylyk käriniň jemgyýetdäki ýokary ornuny wagyz etmäge ýardam berdi.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.