• Jun 1 2024 - 10:22
  • 69
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)
EYR-nyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi bilen söhbetdeşlik:

Dostlugy has da berkitmek üçin umumy mirasy gorap saklamak

Nawid Rasuli medeni umumylyklar Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň arasynda çuňňur baglanyşyk döredip we dostlukly gatnaşyklary güýçlendirip biljekdigine ynanýar

Nawid Rasuli medeni umumylyklar Eýranyň we Türkmenistanyň halkynyň arasynda çuňňur baglanyşyk döredip we dostlukly gatnaşyklary güýçlendirip biljekdigine ynanýar.

 

Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň habar bermegine görä, ýurdumyzyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Türkmenistanda halkara maslahat, Magtymguly Pyragyny ýatlama bagyşlanan çäreler barada sşhbetdeşlikde beýan etdi, olary Size ýetirýäris:

Mümkin bolsa Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat we onuň Eýran bilen Türkmenistanyň medeni gatnaşygyna täsiri barada aýdyp berseňiz.

Rasuli: Bu maslahat Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi we onuň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilmegi iki ýurduň medeniýetinde şahyryň, dana akyldaryň ornuny görkezýär. Magtymguly Pyragy Eýranyň we Türkmenistanyň medeni umumylyklaryndan biridir we ony hatyralamak çäresi, elmydama iki ýurduň arasyndaky dostlugy we agzybirligi berkitmek üçin esas bolup gelýän medeni we siwilizasiýa umumylyklarymyzyň baýramydyr.

Medeniýet we Yslam Gatnaşyklary Guramasynyň müdiri öz çykyşynda Eýranyň we Türkmenistanyň aýratynlyklaryna ünsi çekdi, bu aýratynlyklar nähili iki ýurduň dostluk kňprüsi bolup biler?

Rasuli: biziň medeni umumylyklarymyz taryh, edebiýat, sungat we ylym bolup, gadymy döwürlerden bäri iki halkyň arasynda bar. Bu medeni umumylyklar, Eýran bilen Türkmenistanyň halkynyň arasynda çuňňur baglanyşyk döredip, dostlukly gatnaşyklary güýçlendirip biler. Bu umumylyklardan gurlan dostluk köprüsi, birek-birege hormat goýmaga we birek-biregi has köp tanamaklyga esaslanýar we bu özara gatnaşyklary hasam berkedýär we agzybirligi güýçlenýär.

Tanyşdyrylan " Magtymguly Pyragynyň diwanynyň deňeşdirilen nusgasy" kitaby barada aýdyp bermegiňizi haýyş edýäris. Bu kitabyň ähmiýeti nämede?

Rasuli: Bu kitap, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan Magtymguly Pyragynyň diwanynyň deňeşdirilen nusgasy. Bu diwan iki jilt we jemi 1406 sahypada neşir edildi we köp eýranly we türkmen alymlarynyň tagallalarynyň we gözlegleriniň netijesidir. Bu kitabyň ähmiýeti, beýik şahyryň we eserleriniň has gowy düşünilmegi üçin salgylanma hökmünde ulanylyp bilinjek Magtymgulynyň goşgularynyň giňişleýin we ýalňyşsyz görnüşini bermekden ybaratdyr.

Bu diwany taýýarlamakda näme işler edildi we haýsy gözlegler geçirildi?

Rasuli: Bu kitaby taýýarlamak üçin Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň sekiz kitaby gözden geçirildi. Bu nusgalaryň her biri goşgularynyň galan eserleriniň onlarça we ýüzlerçe nusgasyny görkezýärdi. Pikir tapawutlaryny ýygnap, goşgulary ýygylyga görä klassifikasiýa edilensoň, gutarnykly iş başlandy we ahyrynda Eýran we Türkmenistanyň ylmy işgärleriniň ünsüni özüne çekip biljek giňişleýin we nepis diwan taýýarlandy.

Bu kitapdan Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek üçin nähili peýdalanyp bolar?

Rasuli: Bu kitap iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynda, medeni we gözleg institutlarynda möhüm salgylanma hökmünde ulanylyp bilner. Bu kitabyň esasynda iki ýurduň alymlary we ylmy işgärleriniň arasynda konferensiýa geçirmek, maslahatlary we medeni alyş-çalyşlary geçirmek medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda we özara düşünişmegi ýokarlandyrmakda täsirli ädim bolup biler. Şeýle hem, bu kitap Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylmy we medeni hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde geljek nesillere geçip biler.

Umumy medeni mirasy tanamaklygyň we gorap saklamagyň ähmiýeti barada Türkmenistanyň we Eýranyň halkyna näme diýmek isleýäňiz?

Rasuli: Umumy medeni mirasy tanamak we gorap saklamak diňe bir milli özboluşlylygy berkitmäge kömek etmän, eýsem halklaryň arasyndaky dostluk we agzybirlik üçin esas bolup durýar. Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlere hormat goýmak, ylma we pikire hormat goýmakdyr we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar we medeni hyzmatdaşlyk üçin köp oňyn netijeleri berip biler. Bu tagallalar, iki ýurduň arasynda birek-biregi tanamagyň we hormatyň ýokarlanmagyna getirer we dostluk, mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin berk köpri we gatnaşyklary ösdürmekde täsirli ädim bolar diýip umyt edýärin.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: