• Nov 2 2024 - 11:02
  • 7
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Doktor Seýed Mohammad Hoseini pars dili öwrenijileri bilen duşuşdy

Prezidentiň medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça geňeşçisi doktor Seýed Mohammad Hosseini Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň şol ýurtdaky Medeniýet merkeziniň pars dili we edebiýaty baradaky işleri bilen tanyş boldy.

Prezidentiň medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça geňeşçisi doktor Seýed Mohammad Hosseini Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň şol ýurtdaky Medeniýet merkeziniň pars dili we edebiýaty baradaky işleri bilen tanyş boldy.

Prezidentiň medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça geňeşçisi doktor Seýed Mohammad Hosseini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmak we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlygy sebäpli, Türkmenistana sap bilen gelip, Medeniýet merkezine baryp gördi.

Ol 9-nji oktýabrda Medeniýet merkezine bardy. Ilki bilen, ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Saadi gaznasynyň wekili Nawid Rasuli Medeniýet merkeziniň işi we pars dilini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi; Soňra doktor Hoseini pars dili sapaklaryna baryp, dürli derejedäki pars dili öwrenijileri we mugallymlar bilen söhbetdeş boldy. Dürli çärelerde pars dili öwrenijileriniň taýýarlan surat we kalligrafiýa sergisine we Medeniýet merkeziniň kitaphanasyna bardy.

Belläp geçsek, Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dilini öwretmek 5 derejededir: giriş, orta, ösen, ýokary, Eýran öwreniş we terjime. Bu wekilhanada kurslar dört möwsüme bölünýär: ýaz, tomus, güýz we gyş. Okuwyň dowamlylygy üç aý töweregi dowam edýar. Başgaça aýdylanda, bu wekilhana gyzyklanýanlara pars dilini öwretmek ugrunda ýylyň 12 aýynda işleýär. Ýokary kursy we dilden synagdan üstünlikli geçenler, gutarandygy barada şahadatnama alýarlar we Eýran öwreniş - terjime sapaklaryna gatnaşymaga hukuk gazanýarlar.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: