• May 15 2025 - 10:24
  • 9
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

D Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynda Ferdöwsä bagyşlanan çäre

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda ady agzalan ýokary okuw jaýynyň şeýle Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde Abulkasym Ferdöwsä bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

D. Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynda

Ferdöwsä bagyşlanan çäre

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda ady agzalan ýokary okuw jaýynyň şeýle Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde Abulkasym Ferdöwsä bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Bu dabaraly çärä Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň rektory, ylmy we okuw işleri boýunça prorektorlary, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ilçihananyň diplomatlary we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky mekdebiniň müdiri we mugallymlary gatnaşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň işgärleri, mugallymlary we pars dili öwrenijileri hem bu çärä gatnaşdylar.

Ýokary okuw jaýynyň eýwanynda Medeniýet merkeziniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň talyplary tarapyndan ýasalan we getirilen el işleriň we kitaplaryň sergisi gurnaldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we ýokary okuw jaýynyň rektory bu sergä uly höwes bilen aýlandylar

 Medeniýet merkeziniň sergisinde Abulkasym Ferdöwsiniň “Şanama” eseriniň uly görnüşi şeýle hem dürli şekillerde we dürli dillerdäki kitaby, Ferdöwsiniň hala geçirilen suraty, Eýranly birnäçe şahyrlaryň eserleri, el işler görkezildi we bu eserler ilçiniň, rektoryň mugallymlaryň ünsüni özüne çekdi.

Çäräniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew, soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Malaýeri Sudabeh çykyş etdiler. 

Soňra dabaraly çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri we pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplarynyň taýýarlan çykyşlary bilen dowam etdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: