• Mar 6 2026 - 10:27
  • 14
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Beýik Allanyň ady bilen Mübärek Remezan aýy we Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri, şehit Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlap on günlük Gurhan sergisiniň geçirilmegi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde mübärek Remezan aýy mynasybetli we Eýran Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri, şehit Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanyp Gurhan sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda (1404-nji ýylyň esfänd aýynyň 15-ne) Medeniýet merkezinde açylyp, 10 gün, ýagny 2026-njy ýylyň 15-nji martyna (1404-nji ýylyň esfänd aýynyň 24-ne) çenli dowam eder.    Serginiň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, TRT teleýaýlymynyň Aşgabatdaky resmi wekili Ugur Sami Gezer, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijileri we olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanda ýaşaýan hem-d

Beýik Allanyň ady bilen

Mübärek Remezan aýy we Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri, şehit Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlap on günlük Gurhan sergisiniň geçirilmegi

   Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde mübärek Remezan aýy mynasybetli we Eýran Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri, şehit Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanyp Gurhan sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda (1404-nji ýylyň esfänd aýynyň 15-ne) Medeniýet merkezinde açylyp, 10 gün, ýagny 2026-njy ýylyň 15-nji martyna (1404-nji ýylyň esfänd aýynyň 24-ne) çenli dowam eder.

   Serginiň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, TRT teleýaýlymynyň Aşgabatdaky resmi wekili Ugur Sami Gezer, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijileri we olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanda ýaşaýan hem-de zähmet çekýän eýranlylar we olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.

   Sergide mukaddes Gurhan kitabynyň 13 dile terjime edilen, dürli ölçeglerde we görnüşlerde çap edilen nusgalary, şeýle hem Gurhan bilen baglanyşykly sungat eserleri we esbaplar tomaşaçylara hödürlenildi. Dabara mukaddes Gurhandan aýatlaryň okalmagy bilen başlandy.

   Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýewe we beýleki myhmanlara bu çärä gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Remezan aýynyň rehmet we bereket aýydygyny belläp, her ýylyň Remezan aýynda geçirilýän Gurhan sergisiniň özboluşly däbe öwrülendigini aýtdy. Şeýle-de Ilçi öz çykyşynda Eýran Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň şehit bolmagy sebäpli çuňňur gynanç bildirdi we munuň Eýran we Yslam dünýäsi üçin agyr ýitgidigini aýtdy.

   Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi myhmanlary mähirli mübärekläp, Remezan aýynyň rehmet we Allanyň myhmançylygynyň aýydygyny belläp geçdi hem-de Eýran bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol öz çykyşynda  yslam medeniýetinde Remezanyň diňe bir senenamadaky aý däl, eýsem adamy terbiýeleýän ruhy mekdepdigini we bu mekdepde adamyň agyz beklemek, namaz okamak, dileg-doga etmek, Gurhan okamak we adamlara hyzmat etmek arkaly Hudaýa ýakynlaşýandygyny aýdyp geçdi. Jenap Abbasi çykyşynyň dowamynda Medeniýet merkeziniň her ýyl mübärek Remezan aýynda Gurhan sergisini geçirýändigini belläp, şu ýylky serginiň öňki ýyllardan tapawutlydygyny aýtdy. Sebäbi Eýran halky öz beýik ýolbaşçysynyň şehit edilmeginiň ýasyny tutýar. “Bu beýik ýolbaşçy halkynyň arasynda mähirli atalyk duygusy bilen hatyralanyp, öz arzuw eden beýik derejesi bolan şehitlik mertebesine ýetdi. Onuň şehit edilmegi biziň üçin örän agyr ýitgidir. Şeýle-de bolsa biz onuň öz arzuwyna ýetendigine ynanýarys.” – diýip belläp geçen jenap Abbasi, çykyşynyň ahyrynda Beýik Alladan şehit Ymam Hameneýiniň jaýynyň jennet bolmagyny, türkmen halkyna bolsa mübärek Remezan aýynyň bereketlerine eýe bolmagyny dileg etdi.

   Soňra bolsa Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew çykyş edip, Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna we Medeniýet merkezine bu Gurhan sergisini hem-de agzaçar dabarasyny gurandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Yslam ynkylabynyň Beýik Lideriniň şehit bolmagy mynasybetli Eýran halkyna çuňňur gynanç bildirdi we Eýranyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň edýän ýagşy dileg-dogalarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

   Çykyşlardan soň myhmanlar Gurhan sergisiniň dürli bölümlerine aýlanyp gördüler. Eýranyň Türkmenistandaky Ilçisi  we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanyň müftisine sergi boýunça düşündirişleri berdiler. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Medeniýet merkezi tarapyndan hormatly myhmanlara sowgatlar gowşuryldy. Soňra agşam namazy okalyp, ähli myhmanlar Medeniýet merkezinde guralan agzaçara gatnaşdylar.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.