• Mar 12 2022 - 08:42
  • 352
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)
Aşgabatda daşary ýurt diplomatlarynyň gatnaşmagynda amaly-haşam

Aşgabatda daşary ýurt diplomatlarynyň gatnaşmagynda amaly-haşam

Serginiň açylyş dabarasyna Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

 
 

Serginiň açylyş dabarasyna Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri  gatnaşdylar.

Bu sergi halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, 1-nji martda Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna  hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda ilki bilen Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýüzlenmesi okaldy, soňra bolsa Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça orunbasary Mährijemal
Mämmedowa   we  Türkmenistanyň medeniýet we sungat  pudagynyň  birnäçe wekilleri sergä  gatnaşyjylary Halkara zenanlar  güni mynasybetli gutlap, gysga çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, sazlaşykly ösüşi, şol sanda hünär almagy we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň  Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  Nawid Rasuli serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sergiň çäginde ol Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa  bilen duşuşdy we minnetdarlyk bildirimek bilen şeýle diýdi: “Eýranyň demirgazygyndaky welaýatlarynda, esasanam Gülistan welaýatynda  eýranly türkmenleriň barlygy sebäpli, şu günki amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan  eýranly türkmenleriň amaly-haşam  sungatyny  ýada salýar. Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa  geljekde iki ýurduň bilelikdäki medeni maksatnamalarynyň täze itergi bilen durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Eýran Yslam Respublikasynyň  Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap Nawid Rasulini  mähirli garşy alyp «Türk­me­niň keş­de­çilik sun­ga­ty» at­ly kitabyň bir nusgasyny gowşurdy we Eýran Yslam Respublikasyna  BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýunça gu­ra­ma­sy­nda  (ÝU­NES­KO)  türk­me­niň keş­de­çilik sun­ga­tyny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sana­wy­na gi­ri­zil­me­gi  baradaky hödürnamasyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi  we netijede  türk­me­niň keş­de­çilik  sungaty  ÝU­NES­KO-nyň  sana­wy­na girizildi  we bu kitap  neşir edildi  diýip, ol aýratyn nygtady.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: