• Aug 22 2022 - 17:03
  • 231
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Aşgabatda Ymam Homeýniniň (Alla öňa rehmet etsin) ahlak we mistiki häsiýetiniň düşündirmek

Ymam Homeýniniň ýokary göterilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan dabarada pars dilini öwrenijileriň we olaryň maşgalalary, şeýle hem Eýranyň döwlet edaralara işgärleriň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda, Ymam Raheliň ahlak we mistiki şahsyýeti barada ýatlama geçirildi. Bu dabara 13-nji hordad aýynda (03.06.2022 ý.) Gurhany Kerimde aýat okamak bilen başlandy.

Ymam Homeýniniň ýokary göterilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan dabarada pars dilini öwrenijileriň we olaryň maşgalalary, şeýle hem Eýranyň döwlet edaralara işgärleriň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda, Ymam Raheliň ahlak we mistiki şahsyýeti barada ýatlama geçirildi.

Bu dabara 13-nji hordad aýynda (03.06.2022 ý.) Gurhany Kerimde aýat okamak bilen başlandy.  

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Khales, bu ýygnanyşyga gatnaşyjylara “hoş geldiňiz” aýdandan soň, Eýran halky üçin ýagşylyk we bereket çeşmesi bolan, Ymamyň (Alla öňa rehmet etsin) aradan çykmagynyň belli güni mynsybetli söz sözläp ýüzlendi: Ymam (Alla öňa rehmet etsin) diňe bir Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdunda däl-de, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde syýasy, ýurda we yslam dinine hyzmat eden mistiki we ruhy şahsyýet hökmünde tanalýar, diýdi. Ol öz çykyşynda Ymamyň (Alla öňa rehmet etsin) häsiýetleriniň birini ýatlap şeýle diýdi: Hezreti Ymamyň (Alla öňa rehmet etsin) hemme eden hereketleri we amallary Alla üçindi.

Ol öz sözünde: “Dünýä gudraty güýçli Allanyň huzuryndadyr” ýagny, Alla adamlaryň etmişiniň, niýetiniň we amallarynyň şaýadydyr. Şonuň üçin biz, adamlar her bir işi başlanymyzda, Alladan medet dilemelidiris.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: Birnäçe gün mundan öň Türkmenistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Sardar Berdimuhamedow Umra Haj saparynda boldy we saýlawdan soň ilkinji daşary ýurt sapary hökmünde Allanyň öýüne zyýarat etdi. Elbetde, bu  ilkinji Allanyň öýüne bolan sapary, Türkmenistan ýurdunyň ösmägine, öňde goýan maksatlaryna we uly sepgitlere ýetmäge oňa kömek etjekdigine ynanýarys. Näme üçindir biz bu hili häsiýetleriň Ymamda (Alla öňa rehmet etsin) barlygynyň şaýady bolduk.

Arbab Halis öz çykyşynyň ahyrynda Ymamyň (Alla öňa rehmet etsin) käbir mistiki aýratynlyklaryna ünsi çekdi we şeýle diýdi: Hezreti Ymam (Alla öňa rehmet etsin) akyl meýdanyna baha berýän we rasionalizm bilen mistiki duýgurlygyň birleşdirmäge synanyşýan mistiklerden biri.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň medeniýet boýunça geňeşçisi jenap Nawid Resuly Ymam Homeýniniň mistiki we ahlak häsiýetleri ýeterlik öwrenilmedikdir, diýdi. Ol öz sözünde Ymamyň şahsyýetiniň aýratynlyklary bolan sada durmuşda ýaşamak, päk ahlak häsiýetleri, kämilleşmek we üznüksiz ösüş, gündelik durmuşda tertip-düzgün we meýilnamalaşdyryş ýaly häsiýetleri nygtady we diýdi: Ol hemişe din etikasyny kabul edip, öz işinde aň-intelektiniň hemişe meşgullugyna garamazdan degişmegi we ýylgyrmany ýadyndan çykarmazdy.

Nawid Resuly öz sözüni dowam etdirip, Ymam Homeýniniň (Alla öňa rehmet etsin) päk ýüreklilik häsiýeti barada şäýle diýdi: Ymam Homeýni (Alla öňa rehmet etsin) edil biziň Ymamlarymyz Allanyň halan ulamalary ýaly özüni alyp barýardy. Ol özüni halkyň hyzmatkäri hökmünde görýärdi. Ol özüniň gowy häsiýeti bilen ýagşy işleri berjaý edýardi. Onuň ýagşy häsiýetleriniň biri hem hemmeden öňürti salam bermegidi.

Medeniýet boýunça geňeşçi öz sözüniň bir böleginde Ymam Homeýniniň sada ýaşaýşy barada şeýle diýdi: Ymam Homeýnini (Alla öňa rehmet etsin) maliýe taýdan bol-elin ýaşaýyş şertleriniň barlygyna garamazdan elmydama jemgyýetiň aşaky agzalary derejesinde ýaşady, ol ýönekeý, sada durmuşy saýlady, Najafyň yssy howasynda sowadyjy satyn almak ýa-da Kufa ýaly sowuk ýerde ýatmak islemedi, ýöne şol bir wagtyň özünde onuň maşgalasy jemgyýetde elmydama diýseň edepli we salykatly boldular.

Resuly çykyşyny Ymamyň (Alla öňa rehmet etsin) batyrlyk we aň rahatlygy, umytly ruh we ýadawsyzlyk we gündelik maşklara ygrarlylygy ýaly käbir ahlak aýratynlyklaryny beýan etmek bilen öz sözüni tamamlady.

Dabarada suratly şeklilleri görkezmek, Hezreti Ymamyň  (Alla öňa rehmet etsin) şygyrlar diwanyndan pars okuwçylarynyň goşgy okamagy we muňa bagyşlanan makalalar okamak bilen dowam etdi we dabara çykyş edenlere minnetdarlyk bildirmek we hödür-kerem  bilen tamamlandy.

Bellemeli zatlaryň biri hem; dabaradan öň, ýatlama döwründe medeniýet merkezde Ymam Homeýniniň (Alla öňa rehmet etsin) eserleriniň we suratlarynyň sergisi gurnaldy.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: