• Sep 23 2024 - 09:42
  • 176
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Aşgabatda Pygamberiň (s.) doglan güni mynasybetli jebislik çäresi geçirildi

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde Yslam ymmatynyň eziz pygamberiniň (s.) doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

 Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde Yslam ymmatynyň eziz pygamberiniň (s.) doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

20-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Medeniýet merkezi bilelikde Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Hezreti Muhammet pygamberiň (s.) doglan güni mynasybetli jebislik we ýürekdeşlik çäresini geçirdiler.

Eýran we türkmen halkynyň bilelikde ýygnanşan bu dabaraly çäräniň başynda Gurhan Kerimden aýat okaldy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani hemmeleri bu baýramçylyk bilen gutlap we hoş geldiňiz diýip, jebislik diýip atlandyrylýan hepdä ünsi çekip, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy Ymam Homeýni (a) öz öňdengörüjiligi bilen Muhammet pygamberiň doglan gününi rowaýatlara görä 12-17 räbi-ol-äwwäl aýynda diýip belläpdir, we ýer ýüzüniň musulmanlarynyň bu nurdan köp ýol almalary üçin ony musulmanlaryň arasynda wähdät hepdesi  ýagny jebislik hepdesi diýip atlandyrypdyr. Bu jebislige düşündirip biljek zat, Musulman ymmatynyň köp umumylyklaryna, şol sanda bir Taňra, umumy dine, Mukaddes Gurhan we Pygamberiň neberelerine daýanmakdyr. Gurhan, ylahy sapaga daýanmaklygy we musulmanlary bölmezlige ünsi çekýär.

Ol Magtymguly Pyragynyň pygamber barada düzen goşgularyna ünsi çekip, sözüni dowam etdi: Eýranda we Türkmenistanda 300 ýyllygy uludan bellenilýän Eýranly we Türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hem mömin – musulman hökmünde Ahl ol-Beýta uly hormat goýupdyr. Beýleki musulman şahyrlary we ýazyjylary ýaly bu türkmen şahyry Pygamber hakda joşgunly we manyly goşgular ýazypdyr we özüniň galamy bilen pygambere bolan duýgularyny, baglanyşygyny we wepalylygyny şygyrlarynyň üsti bilen beýan edipdir. Şeýle hem, eserlerinde Pygamberiň häsiýetini, sünnetini, sypatlaryny, beýikligini, sözlerini we beýleki aýratynlyklaryny suratlandyrypdyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi sözüniň soňunda Türkmenistanyň hormatly ýolbaşçylaryna medeni çäreleri guramakda we hyzmatdaşlygy ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdyp, Magtymguly Pyragynyň “Görgeç Resul” atly goşgusyny okap, Yslam Pygamberine (s.) ünsi çekip, şeýle diýdi: Pyragy, Görgeç Resul atly owadan we manyly goşgusynda Muhammet alaýhyssalamyň ýokarlanmagyny ýeňiş we bütin dünýä üçin umyt beriji hoş habar hasaplaýar. Pygamberimiziň dünýä inen döwrüniň taryhy wakalaryny agzap geçýär, şol sanda: Butlar agdaryldy, tagtlar titredi. Bütin dünýä pygamberi kabul etdi. Jahyllyk we zulum Muhammet alaýhyssalamyň nury bilen ýagtylandy. Kimde-kim Pygambere ýoldaş bolup, onuň sünnetine eýerse, dowzah odundan halas bolar.

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli Hezreti Muhammet pygamberiň (s.) doglan güni mynasybetli geçirilýän jebislik çäresiniň ähli musulmanlaryň hususanda Türkmenistanyň we Eýranyň halklarynyň umumylygy hökmünde görkezip, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan, iki goňşy musulman döwleti hökmünde Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) berekedi bilen goňşy we doganlyk gatnaşykda bolup, bu gatnaşyklar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň  goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň ösmegine berýän ähmiýeti esasynda dürli ugurlarda, esasanam medeniýet ulgamynda has-da berkeýär. 

Ol Hezreti Muhammet (sallallahu aleýhi wesellem) hoşniýetlilik pygamberidir, adalat pygamberi, ýol görkeziji pygamber we ähli ylahy pygamberleriň iň soňkusy bolan pygamberdir diýip, sözüni dowam etdi:

Yslam çeşmeleri öwrenilende musulmanlaryň agzybirliginiň we jebisliginiň ýokary we beýik orny eýeleýändigini görmek bolýar.  Yslam pygamberiniň (sallallahu aleýhi wesellem) we Ymamlarynyň özüni alyp barşy we aýdyp geçenleri ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Yslam ymmatynyň agzybirligi, Hudaýyň Pygamberiniň (sallallahu aleýhi wesellem) nygtaýan ýörelgelerinden we gymmatlyklaryndan biri bolup, onuň nukdaýnazaryndan musulmanlaryň hemme taraplaýyn mertebesi we abraýy agzybirlik we jebisligi sebäpli ýüze çykýar.

Rasuli Taňrynyň Resulynyň (s.) jebislik baradaky hadyslaryny, Magtymguly Pyragynyň hem Hezreti Muhammet Pygambere we onuň neberelerine bolan hormatyny belläp, sözüni dowam etdi: Şu ýyl Türkmenistanda Magtymgulynyň ady bilen baglanşykly atlandyryldy  we Magtymguly Pyragy goşgular ýygyndysynyň ählisinde garaýyşyny töwhide gönükdirmäge synanyşandygyny aýtmak gerek. Dini bilimleri we ahlak gymmatlyklaryny iň owadan görnüşde we şygryýetiň süýji dili bilen beýan edipdir. Şeýle hem; Agzybirlik we duýgudaşlyk Magtymgulynyň Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ahlak gymmatlyklaryny, söýgüsini we mähir-muhabbetini beýan edýän goşgularynyň hemmesinde aýdyň görünýär we şahyr yslamyň söýgüli Pygamberi sallallahu aleýhi wesellemi we onuň nebereleriniň maksady bolan bigünälik, arassalyk, ähli musulmanlary Yslam  baýdagynyň aşagynda bir ýere ýygnamaklygy we Yslam jebisligini wasp edýär.  

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi sňzüniň soňunda şeýle diýdi: Ähli musulmanlar Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) häsiýetlerini we aýratynlyklaryny durmuşynyň esasy ýerinde goýup, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) beýik şahsyýetine salgylanyp, dünýä jemgyýetçiligi üçin görelde bolarlar diýip umyt edýärin.

Yslam ymmatynyň eziz pygamberiniň (s.) doglan güni mynasybetli guralan dabaraly çäreMedeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň aýdymlar, sahna, goşgy, makala we başga-da edebi - çeper çykyşlary ýerine ýetirmekleri bilen dowam etdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: