• Dec 10 2025 - 11:53
  • 25
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Aşgabatda Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanlar we eneler güni mynasybetli çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanlar we eneler güni, şeýle-de Türkmenistyanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň press sekretary hanym Fateme Mohajerani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Adnan Zapur, Türkiýäniň ilçihanasyndan hanymlar Aýşa we Aýjemal, Eşretli syýahat hususy kärhanasynyň baş müdiri hanym Amanowa Sähra, telekeçi zenan Dawydowa Ýazgül, türkmen habarçysy Hojamuhammedowa Bahar, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Çörekliýewa Gulýa, pars dili öwrenijiler, eýranlylar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

برگزاری مراسم میلاد حضرت زهرا سلام الله علیها و بزرگداشت روز زن و مادر

در سالن اجتماعات رایزنی فرهنگی سفارت جمهوری اسلامی ایران در عشق آباد

 

Aşgabatda Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanlar we eneler güni mynasybetli çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanlar we eneler güni, şeýle-de Türkmenistyanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň press sekretary hanym Fateme Mohajerani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Adnan Zapur, Türkiýäniň ilçihanasyndan hanymlar Aýşa we Aýjemal, Eşretli syýahat hususy kärhanasynyň baş müdiri hanym Amanowa Sähra, telekeçi zenan Dawydowa Ýazgül, türkmen habarçysy Hojamuhammedowa Bahar, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Çörekliýewa Gulýa, pars dili öwrenijiler, eýranlylar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly çäre aşakdaky meýilnama esasynda geçirildi:

-  Gurhan Kerimden aýat

- 20 sany pars dili öwreniji tarapyndan iki ýurduň gimnini ýerine ýetirmek

- “Enelik mukaddesdir” atly Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideriniň çykyşy

- Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasinyň Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de enäniň orny barada çykyşy

- Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan eneler barada wideoşekil

- Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanyň we enäniň jemgyýetde we maşgalada eýran türkmen medeniýetindäki orny barada çykyşy

- Berdiýew Arslanyň we Aşyrowa Gülälegiň ýerine ýetirmeginde ene barada türkmen dilinde aýdym

- Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň press sekretary hanym Fateme Mohajeraniniň çykyşy: “Zenan durmuşy bezegi we janydyr. Eneler, zenanlar we uýalar durmuşyň bezegi bolmak bilen, şu wekiller birnäçe orny we ene, ýanýoldaş, uýa degişli wezipäni ýerine ýetirmek bilen bir hatarda ykdysadyýetde, ylymda we syýasatda öz zenan güýçlerini görkezýärler. Bu zenanlar bu günki gün bütin ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmesi üçin kömek edýärler. Bu dürli wezipeler zenanlaryň başarnygynyň görkezijisidir. Bu dürli wezipeleri ýerine ýetirmekde armaýlyň we olary ýerine ýetirmek üçin öz söýgimizden we ähli başarnygymyzdan peýdalanalyň.” 

- 8 dilde zenanlar güni we Bitaraplyk baýramy bilen gutlamak

- Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Çörekliýewa Gulýanyň çykyşy

-  20 sany pars dili öwreniji tarapyndan ene we bitaraplyk barada türkmen dilinde we pars dilinde hem aýlanalyň aýdymy

- Ýeňme jemgyýetçilik guramasyndan ene we bitaraplyk barada goşgy

- Sahna : Enäniň dilegi

- Çärede çykyş edenlere ýadygärlik sowgat gowşurmak

- Berdiýew Arslanyň we Aşyrowa Gülälegiň ýerine ýetirmeginde türkmen dilinde jemleýji aýdym

- Hödür – kerem

 

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: