• Nov 8 2023 - 14:02
  • 77
  • Okamak üçin wagt : Less than one minute

Aşgabatda Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti

Aşgabatda Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti

1-nji noýabrda (10 aban) “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwalynyň ikinji günüde Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Bu konsertde “Sämažin”, “Hätän”, “Daglar” toparlary ýurdumyzyň gündogar Azerbeýjan, Kermanşah, Lorestan, Razawi Horasan welaýatlarynda ýaşaýan tire- taýpalaryň däp dessurlaryny, halk döredijiligini folklor görnüşinde hem- de sazyň üsti bilen çykyş edip, tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşladylar. Bu sungat ussatlarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.

       Şuny belläp geçmek zerurdyr, her çykyşyň öňünden tans we saz toparlaryň çeper ýolbaşçysy Färiborz Äzizi her taýpanyň halk döredijiliginiň ugry, konsertiň her çykyşy barada gysgarak maglumat berdi we konsertiň soňunda şol maglumatlar bilen bagly tomaşaçylar bilen sorag – jogap alyşylyp, ýeňijilere sowgat gowşuryldy.

 

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: