• Oct 4 2025 - 14:00
  • 8
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

1404-nji ýylyň-2025 ý- tomus döwri üçin şahadatnama bermek üçin jemleýji synag barada hasabat

1404-nji ýylyň 12-nji oktýabry (04/10/2025 ý.), şenbe güni, sagat 9:00-da, Medeniýet merkeziniň ýokary 4-nji kursyny tamamlan 6 sany pars dili öwreniji üçin şahadatnama bermek maksady bilen jemleýji synag geçirildi. Medeniýet merkeziniň kada - kanuny boýunça jemleýji synag 100 baldan ybarat we pars dili öwrenijiniň aşakdaky derejeler boýunça alan umumy ballaryndan hasaplanýar we kesgitlenýär: Ýokary 4-nji kursyň semestriniň ortasyndaky synagy – 20 bal Ýokary 4-nji kursyň semestriniň jemleýji ýazuw synagy – 30 bal Jemleýji şahadatnama üçin we dilden synag – 50 bal

1404-nji ýylyň (2025 ý.) tomus döwri üçin şahadatnama bermek üçin jemleýji synag barada hasabat

1404-nji ýylyň 12-nji oktýabry (04/10/2025 ý.), şenbe güni, sagat 9:00-da, Medeniýet merkeziniň ýokary 4-nji kursyny tamamlan 6 sany pars dili öwreniji üçin şahadatnama bermek maksady bilen jemleýji synag geçirildi. Medeniýet merkeziniň kada - kanuny boýunça jemleýji synag 100 baldan ybarat we pars dili öwrenijiniň aşakdaky derejeler boýunça alan umumy ballaryndan hasaplanýar we kesgitlenýär:

  • Ýokary 4-nji kursyň semestriniň ortasyndaky synagy – 20 bal
  • Ýokary 4-nji kursyň semestriniň jemleýji ýazuw synagy – 30 bal
  • Jemleýji şahadatnama üçin we dilden synag – 50 bal

Şahadatnama bermek üçin zerur bal aşakdaky dört derejede kesgitlenýär:

  • 75 – 80: Orta
  • 80 – 85: Gowy
  • 85 – 90: Örän gowy
  • 90 – 100: Ýokary dereje

Jemleýji şahadatnama üçin we dilden synagda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisiniň, Medeniýet merkeziniň okuw bölüm müdiriniň , pars dili mugallymlarynyň we terjimeçiniň (medeniýet işeleri boýunça hünärmen) gatnaşmagyndaky emin agzalary tarapyndan pars dili öwrenijiniň dil bilen tanyşlygy we başarnyklary barlanylyp, bahalandyrylýar. Jemleýji synagda pars dili öwrenijiniň gepleýiş, eşidiş, okaýyş äheňleri we pars dilinde ýazuwy, onuň Eýran (medeniýet we sungaty, taryhy, şu günki Eýran, edeýat sungat wekilleri) bilen tanyşlygy barlanýar. Pars dili öwreniji özüniň başarnyklaryny aşakay ugurlarda görkezmeli:

  • Söhbeti başlamak, özüni tanyşdyrmak we şoňa degişli soraglara jogap bermek
  • Kitapdan saýlanan bir bölegi okap düşündirmek we beýan etmek
  • Emin agzalaryň haýyşyna görä birnäçe parsça söz we jümleleri ýazmak
  • Pars dilindäki bir film ýa-da multfilmi seredip, emin agzalaryna düşündirmek
  • Emin agzalarynyň Eýranyň we Türkmenistanyň şahsyýetleri, edebiýat wekilleri, däp-dessurlar we şäherler hakyndaky soraglaryna jogap bermek

 

Jemleýji synagyň ahyrynda her pars dili öwrenijisi üçin her bir emin agzanyň beren baly okuw işleri boýunça müdiri tarapyndan jemlenýär we ortaça bal jemleýji bal hökmünde kesgitlenip, yglan edilýär.

Bu synagyň netijelerine görä, alty pars dili öwrenijisinden diňe bir adam şahadatnama almak üçin zerur baly gazandy. Synagy üstünlikli geçen pars dili öwrenijä 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda, «Hafyzyň şygryýet güni» mynasybetli geçirilen dabarada Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ruzbehany we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi tarapyndan şahadatnama gowşuryldy.

Bal gazanmadyk pars dili öwrenijiler indiki möwsümiň jemleýji synagynda şahadatnama üçin zerur baly gazanmak üçin ýokary 4-nji kursy gaýtadan geçýärler.  

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: